14-nji iýulda Aşgabatda Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Tourism Malaysia» Döwlet agentligi türkmen syýahatçylyk kompaniýalary üçin ýöriteleşdirilen seminar geçirer. Bu barada HHM habar berýär. Çäre «Arçabil» myhmanhanasynda bolar we agentligiň Malaýziýany Türkmenistanda syýahatçylyk ugry hökmünde tanyşdyrmakda ilkinji resmi ädimi bolar. Seminarda Malaýziýanyň baý syýahatçylyk we medeni mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylyş bolar. Duşuşyga gatnaşyjylara geljegi uly ugurlar, awiagatnawlaryň täze mümkinçilikleri görkeziler, şeýle hem «Tourism Malaysia» agentliginiň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça strategik meýilnamalary hödürlener. Seminar Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gatnaşmagynda guralar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir