Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz.
Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 O...

Dowamy »

88 0
Tehnologiýa, 1 month ago


«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» (Как приручить дракона 2) filmini düşürmek işleri başlandy. Bu barada franşizanyň režissýory we ssenariçisi Din DeBlua surata düşüriş meýdançasyndan fotosurat bilen paýlaşyp, sosial ulgamlarda habar berdi.
«Ýene eýer üstünde! “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2” filminiň düşürilişiniň birinji güni! Başdan...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Resminama gol çekmek dabarasy 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gu...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär.
ACEA-nyň statistikasyna görä, 2024-nji ýylyň dekabr...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär.
Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi.
Guruljak toplum «megascience»...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagy Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
Prezident öz gutlagynda Watan goragçylarynyň merdi-merd...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Olimpiada 24–28-nji mart aralygynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Gatnaş...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir.
​Gazagystan Merkezi Aziýa sebitinde OpenAI kompaniýasynyň «Education for Countries» halkara maksatnamasyna goşulan ilkinji ýurt...

Dowamy »

80 0
Tehnologiýa, 1 month ago


12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär.
​Mundan 12 ýyl ozal dag...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, 1 month ago


900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?

OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär.
OpenAI-yň inženeri Bohan Çžan "PG...

Dowamy »

93 0
Tehnologiýa, 1 month ago


2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Täzelenmeden soň, köne modelleriň interfeýsi...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi

Tesla täze awtoulaglar üçin esasy Autopilot bukjasynda düýpli üýtgeşme etdi. 2026-njy ýylyň täze baha gurluşyna görä, ulagy hereket zolagynda awtomatiki saklaýan kömekçi ulgam (Autosteer) indi standart komplektasiýa girmeýär. Täze Tesla elektrik awtoulaglary indi diňe adaptiw kruiz-kontrol bilen üpjün ediler.
Soňky ýedi ýyl bäri Tesla-nyň äh...

Dowamy »

87 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Apple-yň täze barlagy: Emeli aňy dolandyrmak daşyndan görnüşinden has çylşyrymly

Apple we Pompeu Fabra uniwersitetiniň bilelikdäki ylmy işi emeli aň modelleriniň (LLM) we surat döredýän generatiw ulgamlaryň dolandyrylyşynyň goýlan wezipä, modeliniň arhitekturasyna we hatda soragyň (prompt) nähili düzülendigine gaty baglydygyny görkezdi. Alymlar emeli aňyň yzygiderli we öňünden çaklap boljak häsiýetiniň kepillendirilip bilinmeje...

Dowamy »

83 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz işleýän Cybercab taksisi şu ýylyň aprel aýynda seriýaly önümçilige goýberiler. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi.
Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Cybercab prototipleri Alýaskanyň aşa sowuk, garly we buzly şertlerinde gyşky synaglardan geçirilýär. Synag edilýän awtomobilleriň ýörite g...

Dowamy »

86 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi

2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy.
Uzak wagtlap Ýaponiýanyň Android bazarynda iň iri öndüriji Sony bolup...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Bekmambetowyň täze filmi ABŞ prokatynda «Awatar 3-den» öňe saýlandy

Režissýor Timur Bekmambetowyň «Rehimdarlyk» (Mercy, rus prokatynda «Казнить нельзя помиловать») atly täze dartgynly ylmy-fantastik filmi geçen dynç günleriniň netijeleri boýunça Demirgazyk Amerikanyň kinoprokatynda birinji orna çykdy.
​Amazon MGM studiýasynyň bu filmi ABŞ-da 11,2 million dollar gazandy. Bu bolsa dynç günlerinde 7 million dol...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class-yň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 29-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bu senäni tassyklady we geljekki täze modeliň birnäçe tizer suratlaryny çap etdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu gezekki dizaýn üýtgetmesi modeliň bütin taryhynda iň uly göwrümli özgerişleriň biri bola...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, 1 month ago


Google Discover-iň emeli aňy habarlary ýoýmagyny dowam edýär, ýöne bu ýagdaý kompaniýany kanagatlandyrýar

Dekabr aýynyň başynda The Verge neşiri Google-yň "Discover" lentasyndaky asyl sözbaşylary mazmunyna hemişe kybap gelip durmaýan, emeli aň (EA) tarapyndan döredilen sözlemler bilen çalşyp başlaýandygyny habar beripdi. Kompaniýa şol wagt bu ýagdaý barada düşündiriş bermedi, ýöne soňra bu funksiýanyň "netijeli işleýändigini" we yzygiderli ýalňyşlyklar...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär

BMW kompaniýasy elektromobil ugruna geçilýän şertlerde sport modellerine mahsus sesi saklamagy meýilleşdirýär. BMW M3-niň elektrik görnüşi kapotyň aşagynda adaty hereketlendiriji bolmasa-da, benzinli hereketlendirijiniň sesini döredýär.
BMW Blog-a salgylanylýan wideoşekilde, ýokary takyklykdaky mikrofonlar arkaly BMW-niň klassik güýç gurluşl...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


YouTube Music heniz Apple Music-de ýok funksiýany ornaşdyrdy

Google kompaniýasy YouTube Music hyzmatyna bir akkaunta birikdirilen enjamlaryň arasynda pleýlist nobatyny sinhronlaşdyrmak funksiýasyny ornaşdyrdy. Indi ulanyjylar smartfondan kompýutere ýa-da başga bir enjama geçende, sazy şol bir saklanan ýerinden dowam edip diňläp bilerler.
Mundan ozal YouTube Music-iň Android we iOS üçin mobil goşundyla...

Dowamy »

88 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky dialo...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Görmäge pursat, wagtlaýyn rugsat: da Winçiniň freskasy ilkinji gezek köpçülige görkeziler

Milanda italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň (1452-1519) seýrek duş gelýän freskasy ilkinji gezek köpçüligiň synlamagy üçin elýeterli bolar. Artnet News neşiriniň habar bermegine görä, bu eser Sfortsa galasynyň Zale delle Asse otagynyň potologynda çekilen.
Zala 7-nji fewraldan 14-nji marta çenli baryp görmek bolar. Şol döwürde syýahatçylar...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Apple-iň ýolbaşçysy wezipesini tabşyrmaga taýýarlanýar: kompaniýada Jon Týornusyň ygtyýarlyklary giňeldildi

Tim Kuk Apple kompaniýasynyň enjamlaýyn üpjünçiligini işläp düzmek boýunça wise-prezidenti Jon Týornusyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, oňa kompaniýanyň dizaýnerler toparyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.
Ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Apple-iň ýolbaşçy düzüminde ü...

Dowamy »

90 0
Tehnologiýa, 1 month ago


«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy. Bu barada ÝB-niň metbugat gullugy habar berýär.
...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago