Müsür dünýäniň iň gurak ýurtlarynyň sanawynyň başyny çekýär, ol ýerde ortaça ýyllyk ygalyň möçberi bary-ýogy 18 millimetre ýetýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň «Copernicus» howa gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «belnovosti.by» internet neşiri habar berdi. Müsüriň çäginiň esasy bölegi çöller bilen örtülip, esasy suw üpjünçiligi Nil derýasyna baglydyr. Ýurt Niliň gözbaşlarynda gurulýan gatlalaryň gurluşygy bilen baglylykda, suw gorlarynyň ulanylyşyny hem-de paýlanyşyny dolandyrmakda kynçylyklara duçar bolýar. Iň az ýagyşly ýurtlaryň onlugyna şeýle-de Liwiýa, Saud Arabystany, Katar, BAE, Bahreýn, Alžir, Mawritaniýa, Iordaniýa we Küweýt girdi.