Türkmen öz kakasynyň kakasyna ata diýer. Kakasyna kaka, däde diýer. Türkmen öz çagasyna ogul diýer. Oglunyň çagasyna agtyk diýer. Agtygynyň çagasyna çowluk diýer. Çowlugynyň çagasyna ýuwluk diýer. Ýuwlugynyň çagasyna gowluk diýer. Gowlugynyň çagasyna ýatlyk diýer. Türkmen, kakasynyñ çagasyna dogan diýer. Eger dogany özünden uly bolsa aga diýer. Eger özünden kiçi bolsa ini diýer. Eger dogany zenan mashgala bolup özünden uly bolsa, ejeke diýer. Eger özünden kiçi bolsa bajy ýada uýa diýer. Türkmen, ejesiniň kakasyna baba diýer. Ejesiniň ejesine bolsa mama diýer. Ejesiniň erkek doganyna daýy diýer. Daýysynyň aýalyna daýza diýer. Ejesiniň aýal doganyna hem daýza diýer. Ejesiniň aýal doganynyň çagalaryna çykan diýer. Türkmen, durmusha çykan aýal doganynyň çagalaryna ýegen diýer. Türkmen, öz zenanyň aýal doganynyň ýoldashyna baja diýer. Aýalynyň kakasyna gaýynata diýer, aýalynyň ejesine gaýynene diýer. Türkmen zenany, adamsynyň uly erkek doganyna gaýynaga diýer. Kiçi erkek doganyna ýüwürji diýer. Adamsynyň kiçi aýal doganyna baldyz diýer. Türkmen, gyzynyň adamsyna köreken, giýew diýer. Türkmen, gelin alan ýerine ýada gyz çykaran ýerine guda diýer. Türkmen, atalary dogan bolsa doganoglan diýer. Atalyrynyňam atalary dogan bolsa dolanan diýer. Eger babalary dogan bolsa babadash ýada arkadash diýer. Türkmen, bularyň hemmesini umumylykda birleshdirip garyndash diýer
Türkmeniň garyndaşlyk atlary.
-
Agent007
12 years ago
- tuweleme hemmesini yazayypsyna.
-
Phenomen
12 years ago
- hahaha arslan name maksat bn yazdyn muny lol
-
sukomoto
12 years ago
- ine arkaýyn haýsyna sögseň sögübermeli.
-
Shajy
12 years ago
- tuweleme yegen. yone bajy diyenini birinji sapar eshityan
-
wulkan
12 years ago
- Ay bize yazmaga zat goymansyna yegenjan!
-
YaSwami
12 years ago
- her welaýatda bir hiliräk aýtýarlar, ejä-näne, daýza-apa-da ,daýy- eke diýäler, ony köplenç mary we ahal taraplary diýegen, şeýle dälmi ýalňyşan bolsam düzedersiňizdä :)
-
ependi
12 years ago
- köçeden owadanja gyz geçip barýan bolsa ana gowja zat barýa diýer
-
Yegen
12 years ago
hahaha arslan name maksat bn yazdyn muny lol
phenomen
Menem garyndashlyk atlara degishli bolamson yazaydymlay
Yogsada, yatlygynam goren barmyka..
-
Yegen
12 years ago
- Olam dogry, her yerde uygtgeshigrak tutulyandyr. Bizde yokardakylar aydylyar
-
Agent007
12 years ago
- köçeden owadanja gyz geçip
barýan bolsa anagowja zat
barýa diýer
hahahah.tapyanay malades
-
virmenaard
12 years ago
- eje gornenok.
-
idealman92
12 years ago
hemmamizem bile ichegedesh we ashgazandash)))
-
hakykygyz
12 years ago
- Tüweleme,hemmesinem ýazypsyn.
Bizde tapawudy ýok kim bolsada "yegen" diýilýar:-) :-) :-)
-
Yegen
12 years ago
- Yogsada zenan mashgala, adamsynyn durmusha çykan gyz doganyna name diyarka?! Elbetde, adamsyndan kiçi gyz doganyna baldyz diyilyar, yone uly gyz doganyna name diyilyanini bilemok. Bizinkiler dine adyny tutayyarlar. Bilemok, bashga yerlerde nahili at berilyanini?! Bizde, kakamyzyn durmusha çykyp giden gyz doganyna yada uyasyna pylany eje diylip yuzlenilyar, kakamyzyn agasyna-inisine bolsa pylany kaka diyilyar
-
Broker
12 years ago
- Yegen ujy yagydyr yagam bolsa gowydyr
-
ependi
12 years ago
- ay shomyshdaray
-
akylym1989
12 years ago
- ýegen ähli zada öwrenipsiň öýeribermeli bolupdyr senem.
-
Yegen
12 years ago
- Bardyrla manlaya yazylany
-
hakykygyz
12 years ago
- Yegen durmusha çykan adamyn hemme ejekelerinede "gaýynekeji" diýilyar.
-
ependi
12 years ago
- ejeke name diymekhow
-
hakykygyz
12 years ago
- Ozun uly aýal dogan (gyz dogan) diymek
-
Multyk
12 years ago
- bäh nebere näme bolya ondo.
-
handsome1
12 years ago
- yegen bet tema boldy spasyba :D
Yegen 12 years ago- Başgada Türkmeniň garyndaşlyk atlaryna degişliler bolsa, ýenede goşup bilersiňiz