ÇOLUGYŇ SÖÝGÜSI

Bir ýylmy, ýarymmy,
Ýolbarsy bile
Bakdy ol kolhozyň süri malyny.
Dilinde «ýarym»-dy,
sygmazdy çöle
Hem çolukdy, hem ol mejnun dälidi.
Ýogsa sebäp ýokdy beýdip ýörmäge,
Diňe bir gyz çöle gitjek halaty
Ogryn garap, ýylgyrypdy çalaja...

Bir gün baş çopandan alyp rugsady,
Oba...

Dowamy »

807 9
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Kim name etse ozune eder...

Yone ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda
sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýar...

Dowamy »

802 1
Edebiýat, Manikarnika tarapyndan 3 years ago

Ajal gelse...

Dünýä gelip az çekmedim hasraty,
Agladym,
eňredim,
güldüm,
oýnadym.
Kä doglan günüme okap lagnaty,
Kä şol güni dostlar bilen toýladym.

Durmuş geçdi ýowuz sapagyn maňa,
Başymdan inderip müň bir oýnuny.
Göz ýetirdim: adam ölmeýär
diňe
Başga kişä goýup gidýär ornuny.<...

Dowamy »

722 4
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

"Men saňa şeýlebir köp garaşdym"

Geldiň ikimizi duşurdy günler.
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller,
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.

A men saňa şeýlebir köp garaşdym,
Dogdy, söndi ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň.
Gözýetimden keşbiň gözlände gözlem.

Dowamy »

794 4
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago

"Seni men dek biri söýdümi näme?!"

,,Söýgümi näme?!".


Ine, bir gün ähli gaýgym gutarar,
Şonda diýrsiň, "Bulaň gaýgymy näme?!"
"Seni söýýän " diýsem,
"Söýgümiň ýanda"
- diýersiň "Seň söýgiň, söýgümi näme?!"

Ýa al meni ýa-da bir gün öldür sen,
Ýa aglatjak ýa-da çyndan güldir sen,
Duýgularma aşa erkim aldyr...

Dowamy »

728 1
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago

Gijeki söhbet... /oýlanma/

Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok.
Bu gije — meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda, otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi.
Gijäni her...

Dowamy »

1038 40
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

“Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar....”

AKTÝOR

Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim.
Ol saz ýüregiňi howsala salýar,
Eden hataň üçin ahmyra giç deý.
Görýänleriň düýş deý, säher oýansaň,
Ýada salyp bilmejek deý hamala
Hemem tala daňylypdyr tamaňam.
Kim saňa düşünsin?
Ýylgyranyň...

Dowamy »

601 1
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Õce başlady

Õçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar, Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Gülle...

Dowamy »

863 5
Edebiýat, Paris tarapyndan 3 years ago

Aglamak guzeldir

"Size aglamaýin demeýecegim; çünkü her gözýaşi şerden akmaz" diyordu Gandalf

Dowamy »

616 1
Edebiýat, broken heart tarapyndan 3 years ago

Baýlygyňdan ne peýda, gyzyl bagtyň bolmasa (Bolan waka)

Bolan waka
Berdigulynyň maşgalasynda ähli zat ýerlikli dowam edip durdy. Garyplykda önüp ösen oglanyň inni özem, maşgalasam ýag iýip ýüpek geýýär. Kakasynyň erkek dogany Pälwan dädesiniň beren ujupsyzja pul kömegi bilen açan dükany, rysgally bolup, gün-günden essesine ulaldy. Inni bütin maşgalasy söwda bilen işleşýärdi. Berdigulynyň kömegi...

Dowamy »

1256 12
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago

Gülşirin Hanowadan goşgy.

* * *
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Bilýän indi gaýtalanmaz bu pursat.
Wah, neneň razylyk berdikä dilim,
Ýarym gaýtmak üçin soranda rugsat?!

Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Şaýat bolduň syrlarymyň baryna.
Indi ýatlamalam geçip dur ýazga,
Hyýalymda,ylham bilen garyla.

Dowamy »

694 4
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

“Ol “häki bir söýgi” eken...”

Dünýäň şowhuny azaldy,
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.

Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.

Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,

Dowamy »

732 15
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Giç yasy gadyrly saytdaslar

6njy synplaryn edebiyat kitabyndaky "Keymir kor" dessanmy nam sony paylasayyndaa hayys please!!!!!!!
gayrat edin 6njy klaslaryn kitaby kimde ba bolsa dine 1nji bolumini paylassanyzam yeterlikli!!!!!
kyn gormayinnn

Dowamy »

520 0
Edebiýat, broken heart tarapyndan 3 years ago

Biz nähili dostduk?!

Biz nähili dostduk?!
Neneň ýoldaşdyk?!
Kalba ýerleşmezdi ýürek joşumyz,
Alnymyzda bardy owadan dünýä
Hem-de entek ýaşalmadyk ýaşymyz.

Çüýşäni däl,
üleşerdik gussany,
Ony biz bölekläp çekerdik merdem.
Şatlygmyzam bölüşerdik,
ýöne ol
Biziň herimize ýeterdi birden.

Dowamy »

641 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

1946

Eşeklimi, düýelimi, atlymy,
Pişeklimi, pişeksizmi, pyýada...
Hemmesin bir demde bilmersiň aýdyp,
Günüň deň ýarysy geçip-geçmänkä,
Bazara gidenler gelerdi gaýdyp.

Boýunlary sapak ýaly bezzatlar,
Olaryň öňünde tutuş bir goşun.
Sesýetim meýdandan durup nyzama,
Taýýarlyk görerler almaga d...

Dowamy »

865 7
Edebiýat, Manikarnika tarapyndan 3 years ago

Hakyky 👏👏👏

Gysdanma, saňada beýiklik ýeter,

Ýeterem, saklamak ýetmekden beter.

Beýgelseň, duşmany daşdan gözleme,

Ilkinji hüjümi özüňki eder...

Awtor: Saparmyrat Türkmenbaşy.

Dowamy »

845 10
Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 3 years ago

Gyssanmaň hemme zat ýerbe ýer bolar. Ahmedik97 ine gözleýän goşgyňyz.

Gün dogar aý dogar öz wagty bilen
Öz wagty gelende süýjar almalar
Başagaý durmuşda darykma kalbym
Gyssanma, hemme zat ýerbe ýer bolar!

Bir ömürde müň alada gaýgy bar
Adamlaryň garasy bar agy bar
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar
Gyssanma, hemme zat ýerbe ýer bolar!

Bugdaýy suwars...

Dowamy »

914 4
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

Ejem bilen duşen suratym ýok (Terjime)

Dunýäniň işleri, elmydama aýaga oralaşyp gyssaýar adamy. 
     Adatdaky ýaly dik aýakda durup mesge çalynan çöregi gyssanmaç iýip durdum. Ejem her sapardakysy ýaly meni rahatlandyrdy:
      - Oglum gyssanma, arkaýyn oturyp çaýyňy iç.
      - Ýok Eje, işe gijä galýan. Boldy men gitdim!
      - Gyssanma oglum! Ejem gözume...

Dowamy »

809 0
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago

Zumer Chass a.k.a Evrika a.k.a Abdy dayy...

Turkmen rap'ynyn irki, magnitofonda zapis edip bashlan rap'chylarynyn biri hem bilshimiz yaly-Zumer Charlie'dir!!!

-diyyarler, Zumer-sen turkmen rap'ynyn ТАНК'yy.
onun chunnur manyly rap'laryndan doyma yok...

Dowamy »

903 13
Edebiýat, zumerchi tarapyndan 3 years ago

Huşum birýana

Aşyk bolup bir enaýy gözele,
Aklym haýran gitdi, huşum birýana,
Janym gurban geljegine, ezelne,
Gamym birýan gitdi, joşum birýana.


Ýeser kaddy jedel gurmuş hüýr bilen,
Gymmatyna ýetip bolmaz zer bilen,
Ylalaşman geçdi ýürek ser bilen,
Içim birýan gitdi, daşym birýana.

...

Dowamy »

741 5
Edebiýat, Mister X tarapyndan 3 years ago