Diýýärsiň durmuşyň manysy näme
Meň üçinä dünýe durşuna nama
Näçe ýazdygyňça ýazasyň geler
Alla adamzady ýaratdy nüçin
Berk durup Hak ýadyn kylmagy üçin
Akylly biler we Alla sygynar
Ýene soraýarsyň adalat nirde
Bir seret ýüziňden perdäňi syrda
Hakykaty halk bilmeýär Hak biler
Elmydam aýap gez amanat jany
Nadanlaryň bolmaz sözinde many
Gybatkeşden geljek bolsa gep geler
Gezgin munda gaýgy -gussa basylman
Iki dünýe bagtyýardyr musulman
Gapyllaryň gaýgy-gamy köp bolar
Akyl aglar,akmak sürer döwrany
Budur dünýäň pesliginiň beýany
Dünýäligiň dünýä bilen dep bolar
Gerçek munda ýagşy-ýaman bilip git
Ybadat kyl abraý sogap alyp git
Akylly öz etjek işin bek biler
Hem özine bek bolar
Gerçeknzar Amannazarow
Diyyarsin durmusyn manysy name
-
broken heart
3 years ago
- sizin gosgymyzmy gerçeknazar amanowynky dalmi
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Men Gerceknazar Amannazarow dosdym Arslanyñ nikinden girýän şu saýta
-
broken heart
3 years ago
- hmm MALATSI gosugalrnyzz oran gou
Gubadag_A.Alayew 3 years ago- Sps meň goşgymy paýlaşanyň üçin