Õçe başlady...
Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy
Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar, Köpler namysyndan geçe başlady...
Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller, Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler, Güller özge ýigdi guça başlady.
Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn, Ýanyndakyñ sypap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin, Bar aýbyny ile aça başlady.
Süýtden doly göwsün sorup enäniñ, Soñundan üssüne üýrüp enäniñ, Garrandygyn duýup bu perişdäniñ, Perzentler assadan gaça başlady.
Ownaýar erkekler ýene bir rast söz, Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz, Ýigitler boş anty içe başlady.
Kerim ýazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr... Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.
Kerim Hallyýew
Õce başlady
-
LadaKalina.
3 years ago
- da$da..
-
maksat00
3 years ago
- Awtor ilkinji setirinde Magtymgula ýūzlenip:
"Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady." diýipdir welin, Matymgulynyñ hakyky golýazmasynda şeýle goşgusy barmyka?
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ele galam alyp, her ýeten jahyl, Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.
Ey senin ozun edebiyat ogrusy hokmunde masgara bolduna it's tm kanalynda. Nama gurlan bolyanay? Ay bolya-da, in gowusy men ker, kor, lal...
-
LadaKalina.
3 years ago
- Bir geplesikde kerim halla berlen sorag?
-sen gosgulaññy kône rus kitaplaryndan ogurlayañ diyp halk arasynda gurrun bar dogrumy?
-hawa ogurlayan ylham dan ogurlayan, gije gelya dandan gitya,
-Yalan goruplerin gurruni
maksat00 3 years ago- Goşgy gowy goşgy, yhlas bn okadym. Belki edebiýatçylayñ, şahyrlaryñ gözi bn seretseñ kemçilikler bolup biler..