Söýgi syry
Oglan:
-Älem jahan läläm niçiksi gözel,
Şol gözellik içre seni göreýin.
Dünýäm, seň dünýäňe eýleýip bezeg,
Saňa Aýy, Güni sowgat bereýin.
Gyz:
-Şirin sözler dile gelýär joşup kän,
Ýöne heniz magşuk köňlün bilen ýok.
Aýy, Güni sowgat berýän aşyk kän,
Ýöne entek şol sowgady alan ýok.
-Göýä Mejnun deýin yşkyňda gezip,
Saňa eltýän ýollar bilen gideýin.
Ylhamma, joşgunma, mährine ezip,
Saňa öz söýgimi serpaý edeýin.
-Çolaşyk bor ujy ýiten kelepde,
Meniň bu sözlerim göwne degmek däl,
Ýüregiňde dömüp, galýar ýürekde,
Serpaý eder ýaly söýgi sowgat däl.
-Yşka pida bolmak merde ýörelge,
Sensiz geçen günme arman edeýin.
Tyg de kirpiklerňi sanç sen ýüregme
Seň üçin janymy gurban edeýin.
-Sazanda özüçe çalar sazyny,
Dürs kakmasaň dutar aglar ses edip,
Bu durmuşda hergiz aýa özüňi,
Söýdürmek hökman däl ömrüň bes edip.
Mämmetgurban Mämmetgurbanow
21.09.2021 8:45
Söýgi syry(Mämmetgurban Mämmetgurbanow)
-
Xyivenia
3 years ago
- Jeksparro eger sizde bar bolsa paylashayyn! :)
-
Jeksparro
3 years ago
- @Xyiwenia kitapcy.comda bar-a onuň makalalary...
-
Xyivenia
3 years ago
- Okap goremok indi okaryn sol saytda bar bolsa :)
Jeksparro 3 years ago- Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň Annasoltan Kekilowany ýatlap ýazan makalalary has hem gyzykly...