Bir ýylmy, ýarymmy,
Ýolbarsy bile
Bakdy ol kolhozyň süri malyny.
Dilinde «ýarym»-dy,
sygmazdy çöle
Hem çolukdy, hem ol mejnun dälidi.
Ýogsa sebäp ýokdy beýdip ýörmäge,
Diňe bir gyz çöle gitjek halaty
Ogryn garap, ýylgyrypdy çalaja...

Bir gün baş çopandan alyp rugsady,
Oba gelip tapdy şol gyzy aňtap
(Goşguda duşurmak diýen zat aňsat).
Pagyş-para bolup ýigdiň ragbaty,
Tapyşdy didara suwsan dideler.
Silkinip togtady beýnisi ýigdiň,
Salam bar...
Uwnup, çydamasaň... «janym» diýme bar,
Ol bolsa bir demde eýjejik bagtyn
Garbap keýik owlagy deý gujagna,
Ogşasy,
gemresi,
iýesi geldi,
Erkin böwsen yşky kalbyndan çogup,
Burulyp, penjesin urup ýüzüne:
«—Git, haýyş edýän, git!» diýp gygyrdy çoluk.

...Gyzyň daban sesi daşlaşyp gitdi,
Lagşan çoluk çökdi çiliň üstüne.

Dem almaga kem-kem howa-da ýetdi,
Ak der gelen ýigit geldi essine.
Uludan bir haşlap diýdi: «Razy men,
Hernä, ynjytmadym eziz gyzy men!»..

Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir