Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky «iň gowy derwezeçisi» «Ahalyň» düzümine goşuldy
«Ahal» Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň 2022-nji ýyldaky «iň gowy derwezeçisi» bilen düzümini güýçlendirdi. 27 ýaşly futbolçy indi öz toparyna AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsüminde kömek bermäge çalşar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Rahat Japarow şu ýylyň fewral aýynda şertnamanyň möhletiniň dolandygy sebäpli, «Abdyş-Ata» gyrgyz topary...
Aşgabat noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Toparyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» ha...
Dünýä çempiony Fýuri oktýabrda UFC-iň öňki çempiony Ngannu bilen söweşer
Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) aşa agyr agramdaky dünýä çempiony iňlis pälwany Taýson Fýuri bilen UFC-niň agyr agramdaky öňki çempiony kamerunly türgen Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş 28-nji oktýabrda Saud Arabystanynda geçiriler. AFP bu barada sişenbe güni Fýuriniň toparyna salgylanyp habar berdi.
Fýuriniň topary söweşiň professional b...
Aşgabatly pälwan Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürdi
Aşgabatda pälwan Dawid Melkumow agramy 47,84 tonna«Sifan» lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň wagonyny 24 sekuntda ýerinden 8 metr süýşürmegi başaryp, täze rekord goýdy. Melkumow bu agyrlygy elleri bilen süýşürdi, diýip, Turkmenportal habar berýär.
Rekord 9-njy iýulda «Demirýollary» AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde has...
Gyrgyzystanda sambo boýunça Dünýä kubogy geçiriler
Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 22-23-nji awgustda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we göreş sambosy boýunça Dünýä kubogy geçiriler. Bu barada Halkara sambo federasiýasy (FIAS) habar berdi diýip, Trend belleýär.
Ýaryşlara FIAS-yň agzalary bolan Milli sambo federasiýalaryna wekilçilik edýän ýaşy 2005-nji ýyldan kiçi bolmadyk türgenl...
Türkmen sürüjileri «Ýüpek ýoly» awtorallisinde liderlik ugrunda göreş alyp barýarlar
«Ýüpek ýoly» halkara awtorallisiniň T2 hasabynyň klassifikasiýasynyň üç tapgyryndan soň, Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri Maksatmyrat Daňatarow we Merdan TOýlyýew üçünji we dördünji orunlary eýeleýär.
Üçünji tapgyryň T2 hasabynda Russiýanyň çempionatynyň bu tapgyrynda ýeňiş ugrunda S&A Racing-den Andreý Suşensow bile...
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly-2023» rallisinde çykyşyny dowam edýär
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde badalga alan «Ýüpek ýoly – 2023» rallisiniň birinji we ikinji tapgyrlary yzda galdy. Belläp geçsek, bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň türgenleri hem üstünlikli çykyş edýärler.
Awtorallide Türkmenistana Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazme...
Wolkanowski Rodrigesi nokautlap, UFC-niň ýarym ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady
8-inden 9-njy iýula geçilýän gije Las Wegasda (ABŞ) UFC-290 ýaryşy geçirildi. Esasy söweşiň çäginde guramanyň ýarym ýeňil agramdaky çempiony (65 kg çenli) we pound-for-pound sanawynyň lideri awstraliýaly Aleks Wolkanowski meksikaly türgen Ýair Rodriges bilen söweşdi.
Söweş Wolkanowskiniň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňşi bilen tamam...
Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň «Dinamo» klubunyň baş tälimçisi boldy
Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol kluby türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewi klubuň täze baş tälimçisi edip belledi. Bu barada ýekşenbe güni klubuň metbugat gullugy habar berdi.
Tälimçi bilen şertnamanyň möhletleri barada aýdylmaýar.
Gurban Berdiýew 70 ýaşynda, soňky gezek ol 2022-nji ýylyň dekabryndan 2023-nji ýylyň apreli aralygynda...
Werstappen Formula-1-de Beýik Britaniýanyň Gran-Prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-yň niderlandly sürüji Maks Werstappen Formula-1 klasynda awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.
Ikinji orny McLaren-den Lando Norris, üçünji orny bolsa Mercedes-den Lýuis Hemilton eýeledi.
Ýaryşda iň tiz aýlaw hem Werstappene degişli boldy.
Badalgad...
2025-nji ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriler
Hytaýyň Harbin şäheri 2025-nji ýylda IX gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmäge hukuk gazandy. Bu barada şenbe güni Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Bu çözgüt Bangkokda geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasynda kabul edildi.
Harbin — Hytaýyň demirgazyk-gündogar welaýaty bolan Heýlunszýanyň administratiw merkezi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bangkokda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşdy
8-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tailandyň paýtagty Bangkokda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziý...
Arda Güler «Fenerbahçeden» «Reala» geçdi
18 ýaşly türkiýeli futbolçy Arda Güler «Fenerbahçeden» «Reala» geçdi. Güleriň transferi 20 mln ýewro barabar bolup, onuň şertnamasy alty ýyla niýetlenendir.
Madridli klubuň düzüminde türkiýeli oýunçy 24-nji belgide çykyş eder.
Güleriň täze toparda tanyşdyrylyşy 7-nji iýulda geçirildi.
Arda Güler — Türkiýäniň «Gençlerbirligi» kl...
UFC-niň agyr agramda çempionlygy ugrunda Mioçiç bilen Jonsuň söweşjek senesi belli boldy
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt 11-nji noýabrda promouşeniň agyr agramda çempiony, 35 ýaşly Jon Jonsyň UFC 295-de 40 ýaşly watandaşy Stipe Mioçiç bilen tutluşykda titulyny gorajakdygyny habar berdi. Söweş gijesi Nýu-Ýork şäherindäki “Medison Skwer Garden” stadionynda bolar. Bu çärede UFC promouşeniň ilkinji çäresiniň 30 ýyllygyny bellejekdigi habar be...
Luis Enrike «PSŽ-de» baş tälimçi bolup işe girişdi
Ispaniýaly hünärmen Luis Enrike «PSŽ-niň» baş tälimçisi hökmünde wezipesine girişdi.
ESPN neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Enrike indiki möwsüm üçin klubuň düzümini düzmek meseleleri bilen meşgullanýar.
Ýatlatsak, Enrike 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri işsiz otyrdy. Şonda ol Ispaniýanyň milli ýygyndysyny terk etdi. Bellä...
Messi “Inter Maýamide” ýylda $60 mln gazanar
Argentinaly oýunçy Lionel Messi “Inter Maýami” amerikan klubunda her ýyl $50 - $60 mln gazanar. Bu barada “El Pais” gazeti bilen söhbetdeşlikde toparyň prezidenti we egindeş eýesi Horhe Mas habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Şertnama boýunça Leo ýylda 50 mln dollardan 60 mln dollar aralygynda gazanar. Men Messini çagyrmak üçin üç ýyl sarp et...
Marca neşiri möwsümiň iň gowy futbolçysyny saýlady
Ispaniýanyň “Marca” neşiri 2022/23-möwsüminiň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Ikinji orunda “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi, üçlügi Madridiň “Realyndan” braziliýaly Winisius Žunior jemleýär. Reýtingiň ilkinji bäşligine “...
Formula-1-iň Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryny geçirmek üçin şertnamasy 2030-njy ýyla çenli uzaldyldy
“Formula-1” Awstriýanyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Şpilbergdäki awtodrom bilen öňki şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenipdi diýip, championat.com habar berýär.
“Men bu täzeligi Awstriýadaky hyzmatdaşlarymyza habar bermäge şat. Sportuň bu görnüşini söýen adam Ditrih M...
Messiniň goly geçen möwsüm Çempionlar ligasynda iň gowy gol boldy
“Pari Sen-Žermende” oýnan argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň goly geçen möwsüm Çempionlar ligasynda iň gowy gol diýlip ykrar edildi. Bu barada ýaryşyň “Twitterine” salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.
Janköýerleriň ses bermeginiň netijesi boýunça Messiniň toparlaýyn tapgyryň “Benfika” garşy oýnunda (1:1) geçiren goly iň gowusy boldy. Oýunç...
Werstappen Awstriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynyň ýeňijisi boldy.
Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler, üçünji orny onuň topardaşy Karlos Saýns eýeledi.
Awstriýanyň Gran-prisi möwsümde sp...