Gwineýanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň erkekleriň arasynda futbol ýaryşyna iň soňky gatnaşyjy boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Çarşenbe güni Gwineýanyň topary Indoneziýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda utup, Pariže ýollama aldy. Olimpiýa ýaryşyna dört topara bölünen 16 topar gatnaşar. Gatnaşyjylaryň doly düzümi şeýle görnüşde: A toparçasy: Fransiýa, ABŞ, Gwineýa, Täze Zelandiýa; B toparçasy: Argentina, Marokko, Yrak, Ukraina; C toparçasy: Özbegistan, Ispaniýa, Müsür, Dominikan Respublikasy; D toparçasy: Ýaponiýa, Paragwaý, Mali, Ysraýyl. Parižde Olimpiada 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Olimpiýa futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir