Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) eminlik meseleleri boýunça müdiri Roberto Rozetti milli ýygyndylara 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda topar kapitany hökmünde meýdança oýunçylaryny saýlamagy maslahat berdi. Bu barada RIA Nowosti belleýär. Bu ýaryş 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. Rozetti UEFA-nyň saýtynda ýerleşdirilen hatda, Ýewro-2024 ýaryşynda eminler bilen toparlaryň arasyndaky gatnaşygy gowulandyrmak üçin toparyň kapitanynyň emin bilen gürleşjek ýeke-täk oýunçy bolmalydygyny belleýär. “Diňe eminiň kararyny maslahatlaşmak isleýän topar kapitany onuň ýanyna barmalydyr. Kapitan topardaşlarynyň emini hormatlamagyna, araçägi saklamagyna we onuň daşyny gabamazlygyna jogap berýär. Kapitanyň roluny ret edýän we/ýa-da sylamazçylyk ýa-da närazylyk alamatlary bilen emine golaýlaşýan islendik topar agzasy sary duýduryş bilen jezalandyrylar. Eger kapitan derwezeban bolsa we waka meýdançanyň beýleki bir tarapynda bolup geçse, onda onuň roluny ýerine ýetirip biljek oýunçyny bellemek gerek” – diýip, ol belledi. Şeýle-de, ol 22 adam daşyny gurşap alanda eminlere çözgüdi düşündirmegiň kyn bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýle wakalar aragatnaşyň bozulmagyna getirip biler. Rozetti eminlere kapitanlar bilen gürrüňdeşlikde aç-açan bolmagyň tabşyryljakdygyny hem aýtdy, bu, öz gezeginde, taraplaryň arasynda ynam atmosferasyny döreder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir