«Milan» CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär
Italiýanyň «Milan» kluby CAFA Nation's Cup halkara ýaryşynda gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär. Has takygy, italýan topary Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremini satyn almak mümkinçiliklerini seljerýär.
Ýeri gelende bellesek, Mehdi Taremi häzirki wagtda Portugaliýanyň «Portu» toparynda çykyş edýär. Portugal...
Türkmenistanda şaýbaly hokkeý boýunça okuw gollanmasy çap edildi
Türkmenistanda «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi.
Neşir Allaberdi Saparow bilen Aşyrmuhammet Hojakulyýew tarapyndan çapa taýýarlandy.
Neşirde şaýbaly hokkeý bilen meşgullanyp başlamak üçin bildiirlýän ilkinji talaplardan başlap, türgenleri taýýarlamagyň nazaryýeti, ylmy usullary barada baý maglum...
MERKEZI AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN ÝARYŞY: TÜRKMENISTANYŇ OGLANLAR TOPARY KÜMÜŞ, GYZLAR ÝYGYNDYSY BÜRÜNÇ MEDALLARY EÝELEDILER
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Tennis toplumynda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň duşuşyklary jemlendi.
Şu gün ýaryşyň ahyrky duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanly oglan-gyzlar jemleýji duşuşyklaryny Täjigistan Respublik...
FINALDA URUGWAÝ BILEN ITALIÝA DUŞUŞAR
Argentinada geçirilýän FIFA U-20 Dünýä Kubogynyň finalyna çykan toparlar belli boldy. Çekeleşikli geçen ýarym final oýunlaryndan soň Urugwaý bilen Italiýanyň U-20 topary finalda oýnamaga hukuk gazandy. Final duşuşygy 11-nji iýunda La Plata şäherindäki Diego Armando Maradona adyndaky stadionda oýnalar.
Ýarym finalda Urugwaý bilen Ysraýylyň ýa...
Katarly şeýh "Mançester Ýunaýtedi" 7,5 mlrd dollara satyn almak üçin ahyrky teklibi berdi
Qatar Islamic Bank edarasynyň başlygy we Kataryň öňki premýer-ministriniň ogly Jasim ben Hamad Al-Tani şu hepde Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" futbol klubuny satyn almak üçin bäşinji, ahyrky teklibi hödürledi diýip, "The Guardian" gazeti habar berýär.
Eger, takmynan, 6 mlrd funt sterlinge ($7,53 mlrd) toparyň 100% paýnamasyny satyn almak ba...
Messi näme üçin «Barselona» dolanyp barmandygyny düşündirdi
2022-nji ýylda Dünýä çempionatynyň çempiony, “Altyn topuň” 7 gezek eýesi argentinaly Lionel Messi Ispaniýanyň klubundan Fransiýanyň «PSŽ-sine» geçenindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemändigi üçin «Barselona» dolanyp barmady. Messiniň çarşenbe güni beren teswiri Mundo Deportivo gazetinde çap edildi.
Çarşenbe güni Messi Amerikanyň “Int...
“Ýuwentus” Super ligadan çykmak isleýändigini tassyklady
Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby resmi saýtynda beýan bilen çykyş edip, onda Ispaniýanyň “Real” we “Barselona” klublaryna Super liganyň taslamasyndan çykmak isleýändigi barada hat iberendigini tassyklady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Öň, Italiýanyň Futbol federasiýasynyň Federal şikaýat kazyýeti “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpl...
Resmi: Messi «Inter Maýami» toparyna geçdi
ABŞ-nyň «Inter Maýami» kluby resmi ýagdaýda Messini düzümine goşandygyny habar berdi.
Argentinaly superýyldyz amerika kluby bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamada islendik möwsümiň ahyrynda Messiniň topary erkin agent hökmünde terk edip biljekdigi baradaky şert hem girizilipdir.
Messi özüniň näme üçin «Al-Hilalyň» ýa-da ««Ba...
«Rolan Garros»: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän «Rolan Garros» «uly tuwulgasynyň» zenanlaryň arasyndaky ýekelik bäsleşiklerinde ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Olaryň arasynda «uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýarym finalyna ilkinji gezek çykan tennisçi hem bar. Has takygy, dünýäniň 14-nji raketkasy Beatris Haddad Maýýa çärýek finalda tunisli Ons Jab...
Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Mak Allister «Liwerpul» bilen şertnama baglaşdy
«Liwerpul» jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksis Mak Allister bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşylandygyny habar berdi.
Futbolçy «Liwerpulda» 10-luk belgide çykyş eder. Ozal bu belgini Sadýo Mane, Filippe Koutinýo, Maýkl Ouen, Jon Brans ýaly futbolçylar göteripdiler.
Itali...
Polina Gurýewa Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryna girýän halkara ýaryşa gatnaşýar
Türkmenistanyň Tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalynyň eýesi agyr atletikaçy Polina Gurýewa şu gün ― 8-nji iýunda Gawana şäherinde başlanýan Kubanyň Gran-prisi ugrundaky ýaryşa gatnaşýar.
ORIENT-iň habar berşi ýaly, Türkmenistan bu ýaryşa üç türgen bilen gatnaşýar. Polina Gurýewadan başga-da Türkmenistana Gaýgysyz Töräýew bilen Şatl...
Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýar
“Milanyň” 41 ýaşly şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Italiýanyň HBS-ine salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.
Ibragimowiç öz gelen netijesini Italiýanyň çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň “Milan” – “Werona” (3:1) oýny tamamlanandan soň aýtdy.
“Men maşgalama sabyrlylygy üçin mi...
Messiniň kakasy futbolçy oglunyň “Barselona” gaýdyp barmak isleýändigini aýtdy
Argentinaly hüjümçi Lionel Messi ýene-de Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň düzüminde oýnamak isleýär. Bu barada duşenbe güni oýunçynyň kakasy Horhe Messi habar berdi, onuň teswirini žurnalist Toni Huanmarti özüniň Twitterdäki sahypasynda berdi.
Futbolçynyň kakasy: "Messi “Barselona” gaýdyp barmak isleýär, meniň hem islegim şol. Bu bol...
Saud Arabystany dört futbol klubuny hususylaşdyrmaga rugsat berdi
Saud Arabystanynyň dört futbol kluby – “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” - maýa goýum taslamasynyň çäginde soňlugy bilen hususylaşdyrmak üçin kompaniýalara öwrülendigini duşenbe güni şazada Muhammet bin Salman Al Saud tarapyndan yglan edildi. Bu barada Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasynyň (Public Investment Fund, PIF) beýanatynd...
HBS: Benzema Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» kluby bilen şertnama baglaşdy
Fransuz hüjümçisi Karim Benzema Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” kluby bilen şertnama baglaşdy, bu barada meşhur insaýder Fabrisio Romano öz “twitterinde” habar berýär. Taraplaryň ylalaşygy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Benzemanyň “Al-Ittihad” bilen baglaşan şertnamasynda hyzmatdaşlygy ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiliginiň üpjün...
«PSŽ» Messiniň gidýändigini resmi taýdan habar berdi
Fransiýanyň “PSŽ” futbol kluby resmi saýtynda argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň gidýändigini habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.
“Klub Leo mundan beýläkki karýerasynda hem uly üstünlikleri arzuw edýär” – diýlip, klubuň beýanynda bellenilýär.
Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy, ol “Barselona” bilen şertnamas...
Zlatan Ibragimowiç möwsümiň ahyrynda «Milany» terk eder
Hüjümçi Zlatan Ibragimowiç möwsümiň ahyrynda “Milany” terk eder. Bu barada Italiýanyň futbol klubunyň beýanyna salgylanyp, AFP habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.
Ýekşenbe güni Milanda geçiriljek Italiýanyň çempionatynyň jemleýji, 38-nji tapgyrynyň “Werona” garşy oýny Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi üçin “Milanyň” düzüminde iň...
Keniýaly Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda 1991-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekordyny täzeledi
Keniýaly ýeňil atletikaçy Feýt Kipýegon anna güni Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilen "Brilliant ligasy" ýaryşynda 1500 m aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy.
Kipýegon bu aralygy 3 minut 49,11 sekuntda geçdi. Öňki rekord efiopiýaly Genzebe Dibaba (3.50,07) degişlidi, ol 1991-nji ýylyň fewral aýynda goýuldy.
Keniýaly tür...
«Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, ýedinji gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy
Angliýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk şenbe güni agşam Londonda «Uembli» stadionynda geçdi.
«Sitiden» gollary Ilkaý Gündogan geçirdi (1-nji, 51-nji minutlar). «Ýunaýtedden» Brunu Fernandeş tapawutlandy (33, pen.). Gündogan duşuşyk başlandan soň eýýäm 14-nji sekuntda gol geç...
Forbes dünýäniň iň gymmat futbol klublaryny belli etdi
Madridiň “Realy” dünýädäki iň gymmat futbol kluby boldy. Bu barada “Forbes” neşiriniň saýtynda ýerleşdirilen reýtinge salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” bahasy 6 mlrd 70 mln dollar bilen bahalandyrylýar. “Klasiko” boýunça madridlileriň garşydaşy “Barselona” sanawda üçünji orny eýeleýär (5,51 mlrd d...