UFC 303 ýaryşynda geçiriljek Makgregor bilen Çendleriň arasyndaky söweş üçin petek satuwy promouşeniň rekordyny täzeledi. Bu barada UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, petekler liga 20 mln dollardan gowrak girdeji getirdi diýip, “Sport-Ekspress” belleýär. Bu mukdar 2016-njy ýylda UFC 205-de goýlan öňki rekordy täzeleýär, şonda Makgregor Eddi Alwares bilen söweşipdi. Petek satuwyndan girdeji bolsa 17,7 mln dollar boldy. Makgregor üçýyllyk arakesmeden soň oktagona gaýdyp geler. Ol 29-njy iýunda Las-Wegasda UFC 303-üň çäklerinde amerikaly Çendler bilen söweşer. Soňky gezek Makgregor 2021-nji ýylda söweşip, Dastin Porýeden ýeňildi. 2014-nji ýylda Makgregor Porýeden üstün çykypdy, ýöne 2021-nji ýylda amerikala rewanş almak başartdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir