“Bolonýa” 2024/2025-möwsüminde Çempionlar ligasynyň gatnaşyjysy bolar. Topar esasy ýewrokubok ýaryşyna soňky 60 ýylyň içinde ilkinji gezek gatnaşar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär. Öň, “Bolonýa” Italiýanyň çempiony bolanyndan soň, 1964/1965-möwsüminiň Ýewropa çempionlarynyň kubogynda çykyş etdi. Mundan başga-da, Italiýadan Turiniň “Ýuwentusy” indiki möwsümiň Çempionlar ligasyna ýollamany kepillendirdi. Mundan öň, Seriýa A-da özi üçin möhletinden ir çempionlygy Milanyň “Interi” gazandy. Topar 36 oýunda 92 utuk aldy. 2023/2024-möwsüminde Italiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde ikinji orny 74 utuk bilen “Milan” eýeleýär. Üçünji orunda “Bolonýa” (67), dördünji orunda “Ýuwentus” (67) ýerleşýär. 12-nji maýda “Atalanta” “Romany” 2:1 hasabynda utdy we bäşinji orunda ýerleşdi (63).

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir