Amazon Prime Video hyzmaty “Ýoldaky jaý” filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini resmi taýdan mälim etdi. 2023-nji ýylyň remeýkinde baş keşbi ýerine ýetiren Jeýk Jillenhol hem Elwud Daltonyň obrazyna gaýdyp geler. Sýužet barada heniz maglumat ýok. Režissýor hökmünde kimiň çykyş etjekdigi hem belli däl. Filmiň birinji bölümini Dag Laýman surata düşüripdi. “Ýoldaky jaý” filminiň premýerasy 21-nji martda boldy. Amazon-yň maglumatlaryna görä, häzire çenli filme 80 milliondan gowrak adam tomaşa etdi. Film iş tapmaga synanyşýan UFC-niň öňki söweşijisi Elwud Dalton barada gürrüň berýär. Florida-Kisdäki restoranyň eýesi onuň ulagda uklap-oýanýandygyny görenden soň işe alýar we netijede, ol jenaýatkärler bilen baýkerleriň arasyndaky urşa çekilýär. Filmde keşpleriň birini UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor ýerine ýetirdi. Täze “Ýoldaky jaý” 1989-njy ýyldaky baş keşpde Patrik Sueýzi bolan adybir filmiň remeýki boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir