Kilian Mbappe sosial ulgamlarda 2023/24-möwsüminiň ahyrynda Fransiýanyň “PSŽ” klubundan gidýändigini resmi taýdan habar berdi. “Hemmäňize salam. Bu Kilian. Men siziň bilen gürleşmek isleýärin. Wagty gelende muny etmegi size wada beripdim. Men “PSŽ-de” soňky ýylymy geçirýändigimi aýdasym gelýär. Geljek hepdelerde tamamlanjak bu başdan geçirmäni dowam etdirmerin. Ýekşenbe güni soňky öý oýnumy oýnaryn. Köp ýyllaryň dowamynda Fransiýada we dünýäde iň gowusy bolan bu toparyň agzasy bolmak meniň üçin uly hormat boldy. Ol özümi uly toparda ýaly duýmaga, futbolçy hökmünde kemala gelmäge mümkinçilik berdi” – diýip, Kilian aýtdy. 2018-nji ýylda “Monakodan” geçeninden soň, Mbappe “PSŽ” üçin 306 oýna gatnaşyp, 255 gol geçirdi we 108 netijeli geçirim etdi. Onuň parižliler bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda tamamlanýar. Taraplar şertnamanyň möhletini uzaltmazlar. Kilian nirä gidýändigini aýtmady, ýöne onuň Madridiň “Realy” bilen şertnama baglaşmagy ähtimal.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir