Türkmenistanly türgenler Bongkokda (Tailand) boks boýunça 2-nji Bütindünýä saýlama ýaryşynda ilkinji olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar 23-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda geçiriler diýip, Orient agentligi Boks boýunça Aziýa konfederasiýasyna (ASBC) salgylanyp habar berýär. Parižde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma ugrunda ýurdumyzdan - Şükür Öwezow (57 kg), Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg) ýaryşa çykar. Tejribeli tälimçi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz soňky iki ýylda düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirdi, birnäçe ýaş kategoriýalarda güýçli topar emele geldi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymuhammet Küljäýew ýakyn geljekde ýurdumyzda boks boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek meýilleri barada gürrüň berdi. «Biz ASBC bilen bu babatda gepleşikleri gurnarys» - diýip, Küljäýew aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir