Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Ýewropanyň milli çempionatlarynyň daşary ýurtlarda geçirilmegine girizilen gadaganlygy ýatyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. TASS muny The Athletic portalyna salgylanyp habar berýär. Karar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kabul edilip bilner. Öň FIFA milli çempionatlaryň resmi oýunlaryny ýurduň daşynda geçirmegi gadagan edýärdi. 2018-nji ýylda “Relevent Sports” Maýamide "Barselona" we "Žironanyň" arasynda Ispaniýa çempionatynyň oýnuny gurnamaga synanyşdy, ýöne FIFA, ABŞ Futbol federasiýasy we Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy bu başlangyja garşy çykdy. Bu gadaganlygyň ýatyrylmagy klublara täze janköýerleri we sponsorlary(hemaýatkärleri) çekmäge, şeýle hem, beýleki ýurtlarda Ýewropa futbolyna bolan gyzyklanmany artdyrmaga ýardam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir