Çawy äleme ýaýran alym

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüni binýat eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow " Türkmen halkynyň ençeme alymlary,şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy.Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular" diýip jaý...

Dowamy »

1428 13
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Täsinlikler dünýäsinde

Adaty ary sekuntda iki ýüz gezek ganatyny ýaýýar, kepderi bolsa diňe dokuz gezek ýaýyp ýetişýär.
* * *
Bir kilogram bal ýygnamak üçin bal arysy üç ýüz müň kilomertre golaý aralygy uçup geçmeli hem-de on dokuz million gülüň şiresini sormaly bolýar.
* * *
Ýolbars özüniň täsin aýratynlygy bilen tapawutlanýar.Äh...

Dowamy »

1254 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Türkmenistan-YÖB: sanlar we maglumatlar

Yslam ösüş bankyny döretmek baradaky jarnama 1973 - nji ýylyň dekabrynda Yslam Konferensiýasy Guramasyna girýän 12 döwlet tarapyndan gol çekilýär.
Bu sebitara banky özünde 54 döwleti jemleýär.
Bank karz berýän pulundan göterim almaýar.
1994-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň agzasy b...

Dowamy »

1127 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Muny bilmek gyzykly (6)

Köýtendagda derman ösümlikleriň 130-dan gowrak görnüşlerine duş gelmek bolýar.
* **
Pekiniň (Hytaý) botaniki bagynda ösümlikleriň 3000-den gowrak görnüşi ösýär.Olaryň deň ýarysy tropiki hem subtropiki ösümliklerdir.
* * *
Britan kitaphanasynyň muzeýinde dünýä meşhur suratkeş Leonardo da Winçiniň ýazgy kitapçasy sak...

Dowamy »

1164 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Käbe we onuň altyn keşdeli örtgüsi

Haj möwsümi döwründe dünýäniň ähli künjeginden millionlarça adamlar Haj parzyny ýerine ýetirmek üçin mukaddes käbä gelýärler. Dünýäde gurlan ilkinji öý we ilkinji ybadathana diýlip kabul edilýän Käbe iň irki ýerleşiş merkezidir. Asyrlardan bäri gelip geçen ähli Pygamberleriň togap etmek üçin zyýarata gelen beýtullaha (Allanyň öýi), ilkinji gezek He...

Dowamy »

1098 1
Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Taryhda bir hepde (1)

(20-nji-26-njy aprel aralygy)
20-nji aprel:
571: Hezreti Muhammet pigamber Mekgede dünýä indi.
1707:Klarneti oýlap tapan Johan Kristof aradan çykdy.
1873:Napoleon 3 dünýä indi.
1970:ABŞ-nyň prezidenti Riçard Nikson Wýetnandan 150 müň adamlyk harby düzümiň yza çekiljekdigini mälim etdi.
1972: "...

Dowamy »

1376 7
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

ÝATKEŞLIK

Ýatkeşlik
Ýatkeşlik adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň hem-de gutarnykly netijä gelinmedi. Her bir adamda maglumatlary ýatda saklamagyň usullary bolýar we olar üç topara bölünýär:
1. Görýä...

Dowamy »

1118 2
Bilim, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago

Diñe MAHABAT hakda

Diñe mahabat hakda

Adamlar siziň näçeräk mahabat
goýanyňyzy sanamaýar. Olar
siziň galdyryp bilen täsiriňizi
ýatlaýar.
***
Mahabatdaky iň güýçli
element — hakykaty aýtmak.
Bill Bernbah
***
Olara hil görkeziň.
Mahabatyň iň gowy ýoly şol.
Milton Herşi

Dowamy »

886 0
Bilim, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago

Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi

Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi
Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar bolan hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär. Bu barada Jeyhun news habar berýär.

Hemra Babaýew etra...

Dowamy »

1355 3
Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago

Astronomiýa älemindäki täsinlikler

Aý bize örän uly ,ýyldyzlar bolsa kiçi bolup görünýär.Aslynda ýyldyzlar örän uludyr,ýöne olar biçak uzakda bolandygy üçin bize kiçi ýaly görünýär.Diňe biziň galaktikamyzda 200 milliard töweregi ýyldyz bar.Olaryň ýer şarymyza iň golaý bolany bizden 4 ýagtylyk ýyl uzaklygyndadyr.Ýagny,Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklykdan 100 million esse has uzak.

Dowamy »

1120 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Täsinlikler

1.Garynjanyň beýnisi Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň içinde ,göwresine garanyňda,iň ulusydyr.
2.Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alynandakysyndan hem köpdür,özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
3.Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
...

Dowamy »

1220 1
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Kitap nädip çalt okamaly?

Alymlar okalan kitaplaryň, şeýle-de maglumatlaryň manysyna düşünmegiň diňe çalt okamaklygyň netijesinde amala aşýandygyny aýdýarlar. Çalt okamaklyk diňe bir wagtymyzy tygşytlaman, eýsem, okaýan kitabymyzyň manysyny ýitirip bilmekligimize we beýnimizi has işjeň ýagdaýda saklamaklygymyza ýardam edýär. Beýnimiziň maglumatlar bilen yzygiderli üstüniň...

Dowamy »

995 0
Bilim, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago

Geň galaýmaly

Som balyklary köplenç derýalarda we derýalaryň gözbaşlarynda işbillerden çykýar.Soňra olar gidip ummanlarda ýaşaýarlar. Uzynlygy 130 santimetre we agramy 30 kilograma çenli baryp ýetýän som balyklary birnäçe ýyldan soň ,tohum taşlama wagtlary gelende ähli päsgelçiliklere döz gelip,takmynan 1500 km ýol söküp,şol özleriniň işbilden çykan ýerlerine ge...

Dowamy »

1093 1
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

«Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Aşgabatda täze «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi peýda boldy
Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. 3,8 gektar meýdany eýeleýän 43 müň 560 inedördül metr ýerde 3 gatly bina guruldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, söwda-dynç alyş merkezinde jemgyýetçili...

Dowamy »

1114 0
Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago

Hadyslar

1. Aldawçylyk we görüpçilik diýen iki bela adamynyň hemme eden ýagşylyklaryny gemrip ýok eder. Misli oduň odunlary ýakyp ýok edişi ýaly.
2.Şumanlyk şirkdir. ýagny itiň uwlamagy, baýguşyň gygyrmagy sebäpli bela geler diýip gaýgy gam çekmek dinden çykmakdyr.
3. Uly günäler istygraf (çyn toba) bilen aýrylar, kiçi günäler yzygiderli edi...

Dowamy »

1021 0
Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

Tigriň taryhy

Tigriň ilkinji çyzgylary 1493-nji ýylda Leonardo Dawinçi tarapyndan çyzylandyr.
Ilkinji tigir bolsa,1790-njy ýylda fransuz alymy Sirwaç tarapyndan ýasalypdyr.Ol tigir häzirki tigirlerden gaty tapawutly bolupdyr.Ýagny ol tigir tagtadan bolupdyr.Pedallary,roly bolmandyr.Diňe aýagyň bilen itip hereket etdirmeli eken.
1818-nji ýylda tigir...

Dowamy »

1343 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Siziň hukuk maslahatçyňyz (2)

( Kazyýet tarapyndan iş kesilendigi sebäpli mugallymçylyk kärinde işlemäge bolan hukuk barada düşündiriş)

Türkmenistanyň "Türkmenistanda bilim hakyndaky"Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda,pedagogik kär bilen meşgullanýan adamyň hünärlik derejesiniň ýeterlik däldigi ýa-da saglyk ýagdaýynyň pedagogik we terbiýeçilik işlerini ýerine...

Dowamy »

1196 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Siziň hukuk maslahatçyňyz (1)

( Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen günäsi geçilip,jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan adamlaryň kazyýet edilenlik aýbynyň aýrylýan pursaty barada düşündiriş).

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasyna ylaýyklykda , kazyýet edilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda öz- özünden aýrylýar: şertli kazyýet edilen...

Dowamy »

1177 0
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago

Guşlar näme üçin göçýärler?

Uçup barýan durnalar barada birnäçe goşgyny okan bolsaňyz gerek. Hatar gurap barýan göçegçi guşlar gadym eýýamlardan bäri köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Adatça guşlar güýzüne günorta, ýazyna günbatara, baýyrlyklaryň üsti bilen belent daglara ýa-da materigiň jümmüşinden deňiz ýakalaryna göçýärler. Ýaşaýan ýerini täzeleýän guşlaryň dürli görnüşi bol...

Dowamy »

1042 3
Bilim, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago

Bulary bilýärmisiňiz?! (1)

Adam bedenindäki öýjükler her 7 ýylda bir gezek bütinleý täzelenýär.
* * *
Ilkinji gezek surata düşürilende 8 sagat gerek bolupdyr.Şonda tebigaty surata düşüripdirler.
* * *
Biriniň ýüzüni ýada salmak üçin beýniniň sag tarapy ulanylýar.
* * *
Bedenimizdäki iň güýçli myşsa dilimizdir.
* *...

Dowamy »

1323 1
Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago