Aglamak, ähli janly-jandarlarda geçýän fiziologiki prosesdir. Şeýle-de bolsa, adamlaryň dökýän gözýaşlary beýleki jandarlardan tapawutlanýar. Dürli duýgulary beýan etmek üçin aglaýan ýeke-täk jandarlar adamlardyr.
Aglamak saglygyňyza peýdaly
Birnäçe ýyl bäri gözýaş ejizligiň, käte hatda manipulýasiýanyň alamaty hökmünde görülýär. Özüňizi erbet duýsaňyz we gözýaşyňyz bilen beýan edeniňizde, bedeniňizde dürli himiki maddalar bölünip çykýar. Bu maddalar tebigy köşeşdiriji serişde ýaly hereket edýär. Başgaça aýdylanda, duýýan agyryňyzy azaldýarlar.
Aglasaň, bedeniň köşeşýär. Sebäbi beden aglandan soň oksitosini bölüp çykarýar. Bu madda tebigy anestezitik hökmünde hereket edýär. Aglamak möhümdir, ýygy-ýygydan bolamasa-da. Aglamak gözi guramakdan goraýar we gözleriňizi ajaýyp ýagdaýda saklamaga kömek edýär.
Beýleki bir möhüm faktor, umumy sowuga garşy göreşmekdir. Göz ýaşlary käbir bakteriýalary öldürýär. Bu Lysozime D. atly suwuklygyň kömegi bilen bolup geçýär. Jemläp aýtsak, aglamak gowy hereketdir. Bedenňizi sagdyn saklaýar we bedeniň kadaly işlemegine kömek edýär.

Aslynda alymlar göz ýaşyny üç topara bölýärler:
Sada gözýaş
Bu gözýaşlar korneýany yzygiderli guramakdan goraýar. Gözleriňizi nemlendirýärler. Şeýle hem gözüňizi arassa saklaýarlar. Adatça bir adam günde bir çaý çemçesi (1,1 gram) göz ýaş dökýär. Wagtyň geçmegi bilen bu mukdar artyp ýa-da peselip biler.

Reaktiw gözýaş
Bular daşarky bidüzgünçilikler sebäpli ýüze çykýar. Bu göz ýaşlaryň bölünip çykmagyna islendik zat sebäp bolup biler. Sogan, göz ýaşardyjy gaz, boýag ýa-da gyjyndyryjy himiki maddalar. Bu gözýaşlaryň maksady gözdäki keseki zatlary aýyrmak.

Duýgy gözýaşlary
Bular duýgulara bagly gözýaşlar. Bu duýgular dürli-dürli: bagt, gynanç, gahar, iç ýanma we ş.m.

Aýallaryň erkeklerden has köp aglaýandygyny aýdýan hekaýalar ençeme ýyl bäri aýdylýar. Hatda aýallaryň erkeklere garanyňda dört esse köp aglaýandygyny görkezýän makalalar hem bar.

Munuň sebäbi prolaktin gormonydyr. Bu gormon adamyň aglamagyna sebäp bolup biler we ol esasan aýallaryň ganynda we gözýaşynda bolýar.

Beýleki tarapdan, aýal göz ýaş akdyryjy kanallaryň gurluşy erkeklerden tapawutlanýar. Bu ýagdaý aýallaryň aglamagyny aňsatlaşdyrýar.

Haýwanlaryň hem aglamak ukyby bar. Adatça haýwanlaryň aglaýandyklary olaryň çykarýan sesleri bilen duýulýar. Şeýle hem olaryň ýüz keşpleri ýa-da özüni alyp barşy bilen görüp bolýar.

Käbir süýdemdirijilerde we adamlarda aglamak beýnimizdäki sylag merkezi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde adamlar duýgular sebäpli aglaýarlar.

Başgaça aýdylanda, haýwanlara has çuňňur emosional many berýän aglamaklyk mümkin däl. Olaryň gözýaşlary diňe funksional zerurlygyň netijesidir.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir