ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Solka institutynyň barlag geçirijileriniň aýtmagyna görä, adam beýnisi 1 petabaýt maglumaty ýa-da 4,7 milliard kitaby saklap bilýän eken. Adam beýnisinde saklanýan maglumatlaryň möçberini hasaplap çykarmak maksady bilen Terri Seýnowskiniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary sinapslaryň häsiýetini jikme-jik we çuňňur öwrendiler. Anyklanylan maglumatlara görä, bir sinaps 4,7 bit maglumat saklaýar. Bu birleşmeleriň sygymyny mukdara köpeldip, alymlar onuň 1 petabaýt maglumata barabardygyny ýüze çykardylar. Bu bolsa 4,7 milliard kitaba, 670 million internet sahypasyna ýa-da HD-TV formatyndaky 13,3 ýyllyk yzygiderli wideo barabardyr.

Bilim, Men_ve_Sen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir