“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär. Onuň aždarha Dişsiz bilen tötänleýin duşuşygy ähli zady üýtgedýär – olaryň arasynda dostluk peýda bolýar we olar bilelikde köpýyllyk dawanyň soňuna çykmaly bolar. Ikkingiň keşbini Meýson Temz ýerine ýetirdi. Onuň söýgüli gyzyny “The Last of Us” serialy boýunça tanalýan Niko Parker oýnady. Wiking Stoigiň keşbini bolsa ozal gahrymana animasion wersiýada ses beren Jerard Batler aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir