Kitaphana 132 ýyl mundan öň alnan žurnal üçin 12 müň dollar jerime talap etdi
ABŞ-daky kitaphana 132 ýyllap gaýtarylmadyk žurnal üçin Jon atly ýerli ýaşaýjydan 12 müň dollar jerime talap etdi diýip, «BBC» habar berdi.
Gürrüň «The Century Illustrated Monthly Magazine» žurnalynyň sentýabr sany barada barýar. «Concord Public Library» kitaphanasynyň maglumatlaryna görä, neşiri 48220 gün gijikdirip tabşyrdylar, bu takmynan...
Türkmenistan ilkinji gezek geçirilýän «FIFA U-15 World Cup and Festival 2026» ýaryşyna gatnaşar
Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbol boýunça ýygyndysy «FIFA U-15 World Cup & Festival 2026» ýaryşyna gatnaşar. Taryhda ilkinji gezek geçiriljek bu ýaryş 2026-njy ýylyň 22–31-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanda geçiriler.
Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşa FIFA-nyň agza assosiasiýalarynyň ählisiniň ýygyndylary gatnaşar.
Öňümizdäki ýaryşy...
Türkmenistan Almatyda geçirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň forumynda öz tejribesini hödürledi
15–17-nji sentýabr aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Aziýa we Ýuwaş ummany üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) sebitleýin bölümçesi tarapyndan guralan Demirgazyk we Merkezi Aziýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça 10-njy köptaraplaýyn forumy geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministr...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşy
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyş...
Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesi berildi
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Sungýungwan uniwersitetine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny uniwersitetiň prezidenti Ýu Ji Bom mähirli garşylady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» derejesini bermek dabarasy geçirild...
Koreýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýanyň Premýer-ministri hanym Han Song Sukyň arasynda duşuşyk geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Han Song Suky ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri ar...
Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa döwlet saparynyň parlamentara we döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygy bellenild...
Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi hem-de döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminamalaryň ha...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ikitaraplaýyn...
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döw...
Ýaponiýanyň ilatynyň garramagy çykdajylaryň artmagyna getirýär
Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Ýaponiýanyň ýaşy 100-den geçýän raýatlarynyň sany 100 müňden agdy. Olaryň esasy bölegi zenanlar. Özem bu görkeziji 60 ýyla golaý wagt bäri üýtgewsiz artýar diýip, «news.by» habar berdi.
Bu demografik üýtgeşmeler ykdysadyýet üçin çynlakaý kynçylyklary döredýär. Ýurtda işgär...
2100-nji ýyla çenli gury ýeriň 40 göterimden gowragy çöle öwrüip biler
Ählumumy maýlama planetanyň gurak sebitlerini has guraklaşdyryp biler. Netijede, çölleriň serhetleri giňeler, bu täze şertlere uýgunlaşmadyk ösümlikleriň ýok bolmagyna elter diýip, hytaýly alymlaryň täze ylmy barlaglaryna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
XXI asyryň ahyryna çenli gurak çäkler Ýeriň gury ýer böleginiň 40 göterimden gowragyny...
Lawrow Rubio bilen duşuşmakçy
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda duşuşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «ria.ru» habar berdi.
«Meniň Döwlet sekretary Rubio bilen, Nýu-Ýorkda, Baş Assambleýanyň meýdançasynda duşuşygym meýilleşdirildi» diýip, Russiýanyň DIM-niň başlygy...
Nepaldaky sil joşgunlarynda pida bolanlaryň sany 1,4 müň adama ýetdi
Nepalda üç hepde mundan öň bolan güýçli sil joşmada 1,4 müňe golaý adam gurban boldy, 4 müň dereksiz ýiten hasaplanýar diýip, EFE agentligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, tebigy betbagtçylygyň giň çägi eýeländigi bilen baglylykda, köp gurban bolanlar şahsyýeti anyklanmazdan, ýerlendi. Heniz diň...
Türkmenistanyň wekilleri Ýerewanda geçirilen ulag ulgamy boýunça halkara maslahata gatnaşdylar
14-15-nji sentýabr aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçili...
R.Meredow Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dalgon bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýl...
«Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça 461,3 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
2026-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça guýulardan 461,3 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çägindäki Ekerem, Gamyşlyja, Şatut we Altyguýy baýlyklar känlerinde iş alyp barýan müdirligiň hünärmen...
Daşoguz çörek kärhanasynda 4,6 million manada golaý önüm öndürildi
Daşoguz çörek kärhanasynda 2026-njy ýylyň sekiz aýynda 2 müň 524 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kärhanada dürli görnüşli köke önümleriniň hem 2 tonna golaýy taýýarlanyldy. Sentýabr aýyna çenli gazanylan umumy girdeji bolsa 4 million 667 müň...
Goturdepe känlerinden 825 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
2026-njy ýylyň geçen döwründe «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça 825 müň 247 tonna nebit çig maly çykaryldy. «Nebit-gaz» gazetinde berilýän habara görä, bellenilen meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhana boýunça geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önümçiligiň...
Lebap welaýatynda kitaphana işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi
Lebap welaýat kitaphanasynda etrap-şäher kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurduň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphana işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen...