Türkmenistan Minskde geçirilen kinomatografiýa bilimi boýunça GDA-nyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri 2-nji noýabrda Minsk şäherindäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde GDA döwletleriniň kinomatografiýa bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdylar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, çäre XXXII Minsk halkara «Listapad» kinofestiwalyny...
Ýotowa Bolgariýanyň Prezidentligine saýlandy
Bolgariýanyň häzirki Prezidenti Iliýana Ýotowa ýurtda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesinde işini dowam eder. Bu barada Bolgariýanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanýan TASS habar berdi.
Saýlaw býulletenleriniň 99,95 göterimi sanalanda, Prezidentiň hem-de wise-prezidentiň wezipelerine dalaşgärle...
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi
Aşgabatdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan on dört çapyşygyň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gyrmyzy atly at pellehanadan ilkinji bolu...
Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça halkara olimpiada geçiriler
27-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.
Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Her bir ýokary okuw mekdebinden hünär ugru...
Türkmen gümrükçileri Brýusselde «Akylly gümrük» maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen «Akylly gümrük» taslamasynyň ählumumy maslahatynyň işine gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
26 — 30-njy oktýabr aralygynda Halkara maslahatyň çäklerinde, Tü...
Aşgabatda «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady
Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyryldy.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hök...
Türkmenistanda Awstriýanyň täze ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň täze ilçisi işe başlady. Has takygy, 2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etýen Berhtolddan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň me...
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S.Pol Kapuryň Aşgabat şäherine sapary meýilleşdirilýär. Bu barada «Trend» ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, S.Pol Kapuryň ýolbaşçylygyndak wekiliýet 2 — 9-njy noýabr aralygynda Aşgabatda we Londonda saparda bolar. Saparyň dowamynda amerikan wekiliýeti Türkmenista...
Guterriş: Adamzat howanyň üýtgemegine garşy göreşde heniz utulýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzat heniz howanyň üýtgemegine garşy göreşde utulýar diýip hasaplaýar.
Baş sekretaryň bu barada «El Pais» ispan gazetine interwýusynda: «Häzirki pursatda biz henizem utulýarys. Biz häzirem howa zyňyndylaryň iň ýokary derejä ýeten döwründe ýaşaýarys, 1,5 gradus bosaga (howanyň d...
Türkmenistan çagalaryň hukuklary boýunça halkara foruma gatnaşdy
Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň «Çagalaryň sesi: milli strategiýalar we howpsuz sanly gurşaw» atly II halkara forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegista...
Türkmenistanly okuwçy mental arifmetika boýunça halkara ýaryşyň «Naýbaşy çempiony» boldy
Türkmenistanyň wekili Nurýagdy Meredow abakus, mental arifmetika we matematika boýunça «Asia World Brain Cup-2026» halkara çempionatynda «Naýbaşy çempion» adyna mynasyp boldy, bu derejä Nurýagdy 10 minutda iki belgili san bilen düzülen mysallaryň 180-ni çözüp, rekord goýup ýetdi. Ýaryş 24-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirildi.
Ýeňijileri...
Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmаnowa Türkmenistanda täze bellenen Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombelanyň ynanç hatlaryny kabul etdi.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...
Birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürler 7 million dollardan gowrak geleşik baglaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 17 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Gruziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Bolgariýadan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçil...
Türkmenistanda bank işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly şygar astynda geçirilen çäre Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň maslahatlar zalynda guraldy. Ol milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşl...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. Ozal haba...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler
20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýän Bütindünýä...
Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçihananyň berýän habaryna görä, ministr Abbas Aragçi sişenbe güni ir bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýr...
Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň assambleýasyna gatnaşýar
Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş assambleýasy geçirilýär. Onuň çäklerinde ugurdaş duşuşyklar, hünär forumlary we beýleki çäreler hem guralýar. Assambleýanyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň as...
Agramy 250 müň tonna buz harsaňy Alplardaky oba howp salýar
Agramy 250 müň tonna deň bolan äpet buz harsaňy Alplardaky owadan dag obasyna howp salýar hem-de kem-kemden jülgä tarap süýşýär diýip, «Bild» gazetine salgylanýan «khovar.tj» habar berdi.
Neşir buz böleginiň ýagdaýy ýaramazlaşdyryp, heläkçilikli netijä getirip biljekdigini belleýär. Buz harsaňynyň aşak süýşýändigi awgustda hasaba alyndy. Şon...
Aşgabatda Türkmensitanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi şu gün Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada «IRNA» habar berýär.
Taraplar Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşykl...