Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen professorlar bir hepde uniwersitetiň ýaş mugallymlary üçin informatika we amaly geologiýa ugurlary boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler. Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir