Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi. Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi. Şulgan-Taş Gündogar Ýewropadaky ýokarky paleolit döwrüniň gowak suratlary ýadygärlikleriniň iň uly we has gowy saklanyp galan ýeridir. Gowakda mamontyň, kerkiň, bizonyň, atyň, düýäniň şekilleri, şeýle hem antropomorf şekilleriň we geometrik nyşanlaryň 20 600 – 16 500 ýyl mundan ozal döredilen nusgalary bar. Suratlar gyzyl ohra boýagy bilen, kä ýerleri kömür goşmak bilen ýerine ýetirilipdir. Muzeý goraghanasynyň resmi web sahypasy dalaşgärlik resminamasyny taýýarlanda Halkara ýadygärlikleri gorap saklamak geňeşiniň (ICOMOS) teklipleriniň nazara alnandygyny habar berdi. Teklibi goldaýan ýurtlaryň wekilleri obýektiň özboluşlylygyny bellediler. Taslamanyň netijesinde sebitde özbaşdak gözegçilik ulgamy ornaşdyryldy, syýahatçylyk ugurlary täzelendi we etrap merkezinden gowaga çenli asfalt ýol düşeldi. Netijede, ýakyn obalar gaz, ýokary tizlikli internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny aldy, muzeý goraghanasy 50-den gowrak ýerli ýaşaýjyny iş bilen üpjün etdi.