Rumyniýada adatdan daşary yssy sebäpli otlularyň tizligi çäklendirildi
CFR kompaniýasy Rumyniýanyň Konstansa ülkesiniň käbir ýerlerinde otlularyň hereketine wagtlaýyn çäklendirmeleri girizdi, muňa adatdan daşary yssy howa sebäp boldy diýip, «Mediafax» agentligi habar berdi.
Habarda sebitde demir ýol relsleriniň 53 gradusa çenli gyzandygy, howpsuzlyk şertlerini berjaý etmek maksady bilen, Feteşti — Sendereý, Gün...
Türkmenistanly hünärmenler Týan-Şanyň buzlyklaryny gorap saklamak meselelerini öwrenýärler
Türkmenistandan bolan ýaş hünärmenler içerki Týan-Şanyň buzlaşma ewolýusiýasyny modellerşdirmek üçin maglumatlary ýygnamagyň metodologiýasyna bagyşlanan Halkara tomusky okuwa gatnaşýarlar.
Çäre 3 — 8-nji awgust aralygynda Yssyk-kölde geçirilýär. Okuwa gatnaşyjylaryň arasynda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Öz...
Alymlar Ýeriň ilatynyň iki esse azalmagynyň zerurdygyny habar berdiler
Alymlar planetany halas etmegiň hatyrasyna Ýeriň ilatyny iki esse – 4 millarda çenli azaltmagyň zerurdygyny teklip etdiler. Bu barada «Daily Mail» gazetinde çap edilen ylmy barlagyň jemlerinde habar berilýär diýip, «rg.ru» ýazýar.
Habarda soňky 100 ýylda planetada adamlaryň sanynyň 2 milliarddan 8,3 milliarda çenli artandygy, adamzadyň ekoul...
Ýarym ýylda 14 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 14 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada «Report» habar berdi.
Türkmenistan hasabat döwründe Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 13-nji ýeri eýeledi. Ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjana baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 1 million 92,6 müňe deň bolup, şon...
Kassis: Türkmenistan dialogy we durnuklylygy ýokarlandyrmakda ÝHHG-niň gymmatly hyzmatdaşydyr
Türkmenistan Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) dialogy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy öňe sürýän işinde gymmatly hyzmatdaşydyr, Merkezi Aziýa bolsa gurama üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu barada ÝHHG-niň başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlyg...
ABŞ-da täze doglan bäbeklere rus adyny dakyp başladylar
ABŞ-da ýüzlerçe täze dünýä inen oglanjyklary Iwan diýip atlandyrýarlar. Bu barada ýurduň Durmuş üpjünçiligi gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Edarada soňky ýyllarda şeýle at dakylan bäbekleriň sanynyň 0,1 göterimden gowrakdygyny bellediler. Mysal üçin, 2025-nji ýylda Iwan atly bäbekleriň 2240-su hasaba alyndy, öňküsi ýyl bu san 2354-...
Moskwada GDA ýurtlarynyň ýetginjek küştçüleriniň Botwinnigiň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçiriler
11–18-nji awgust aralygynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň ýetginjekler ýygyndylarynyň arasynda dünýä çempiony Mihail Botwinnigiň Açyk halkara Kubogy ugrundaky altynjy ýaryş geçiriler. Bu ýaryş Küşt federasiýalarynyň assosiasiýasy tarapyndan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň (DYHG...
Amazon OpenAI-a wada beren 50 milliard dollaryny doly geçirdi
«Amazon» kompaniýasy wada beren serişdelerini doly geçirmek bilen, «OpenAI» bilen 50 milliard dollarlyk maýa goýum geleşigini tamamlady. Bu barada ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna (SEC) berlen resminamalarda aýdylýar.
Birinji çärýekdäki 15 milliard dollarlyk ilkinji maýa goýumlardan soň, «Amazon» ikinji çärýekde «OpenAI-a»...
Apple ulanyjy maglumatlaryny bermek talaby zerarly britan häkimiýetlerini kazyýete berdi
Apple kompaniýasy ulanyjylaryň şifrlenen maglumatlaryny elýeterli etmek baradaky talaby inkär edip, britan häkimiýetleriniň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Bu barada «Financial Times» gazeti habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, şikaýat döwlet edaralary tarapyndan gizlin yzarlanylýar diýlip güman edilýän ýagdaýlara seredýän ýörite britan t...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-da dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego sebitinde dabaraly çäre geçirildi. ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, çäre «Fit International» kompaniýasy tarapyndan guralyp, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri he...
Moskwada gawun - garpyz möwsümi başlandy
Russiýanyň paýtagtynda bakja ekinleriniň söwda möwsümi badalga aldy diýip, Moskwanyň söwda we hyzmatlar edarasyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Ýurtda 3-nji awgustda resmi däl baýramçylyk – Garpyz güni bellenýär. Edaranyň metbugat gullugy Moskwada 145 sany möwsümleýin ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň dörediljekdigini habar berdi....
Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlarda atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek meýdançasy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Niderlandlara amala aşyran iş saparynyň dowamynda Kronenberg şäherinde ýerleşýän «Peelbergen» atçylyk-sport toplumyna baryp gördi. Bu toplum 2026-njy ýylda ahalteke bedewleriniň arasynda atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň...
Türkmenistanyň halkara dokumental filmleriň bäsleşigine GDA ýurtlaryndan 20-ä golaý eser gelip gowuşdy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) dürli ýurtlaryndan «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly halkara dokumental filmleriň bäsleşigine eýýäm 20-ä golaý eser gelip gowuşdy. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.
Bäsleşik GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilýär. Ony Türk...
Yslamabatda Türkmenistan bilen HPK-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
4-nji awgustda Halkara Parlamentariýler Kongresiniň (HPK) Baş sekretary, senator Sitara Aýaz bilen Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň me...
Türkmenistan we JATA syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy jenap Ý.Hara bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ý.Hara JATA-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlanyldy we Türkmenistan bilen...
Aşgabatda Halkara ýaşlar güni belleniler
14-nji awgustda Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýaşlar güni mynasybetli giň gerimli çäre geçiriler. Şu ýylyň çäresi «Dürli şertler – umumy maksatlar» diýen şygar astynda geçirilip, ýaşlary pikir alyşmak, döredijilik hem-de täze başlangyçlary paýlaşmak üçin bir ýere jemlär.
Çärä gatnaşyjylara baý maksatnama hödürleniler. Onuň çäklerinde:
...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-da dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň öňki futbolçysy, Russiýanyň «Rostow» futbol klubynyň ýarym goragçysy Denis Titow resmi duşuşykda toparyň esasy düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Ol Russiýanyň Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Tolýattiniň «Akron» toparyna garşy geçirilen oýunda çykyş etdi.
Aşgabatyň «Feniks» futbol...
Türkmen talyplary Bolgariýadan 6 altyn we 3 kümüş medal bilen dolandylar
Türkmenistanly talyplar Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde 27-nji iýul – 3-nji awgust aralygynda geçirilen 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMC-2026) uly üstünlik bilen çykyş etdiler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, türkmen ýygyndy toparynyň hasabynda 9 medal: 6 altyn we 3 kümüş meda...
Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler
Hindistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 14–16-njy awgusty aralygynda hindi diasporasynyň agzalary hem-de ähli isleg bildirýänler üçin hindi filmleriniň festiwalyny geçirer.
Filmleriň görkezilişi Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň j. 115 salgysynda ýerleşýän kinoteatrda geçiriler.
Festiwalyň maksatnamasyna ü...
Dünýäniň biržalarynda nebitiň bahasy gymmatlady
Dünýäniň iri biržalarynda nebitiň nyrhynyň gymmatlamagy hasaba alyndy diýip, «Azertaj» agentligine salgylanýan «kabar.kg» internet neşiri habar berdi.
Ýagny Londonyň ICE (InterContinental Exchange) biržasynda Brent nyşanly nebitiň bahasy barrel üçin 0,99 dollar gymmatlap, 84,76 dollary düzdi.
Nýu-Ýorkuň NYMEX (New York Mercantile Exch...