16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy diýip, TDH habar berýär. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda açylan “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna baryp, öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.