ÖZÜÑ BILÝÄÑ

ÖZÜŇ BILÝÄŇ

Özüň bilýäň, gitseň goýup gaýgyda,
Gursakda ýüregmiň çat açjagyny.
Bu ömrümde seniň deýin ýigide
Aýdyp bilmen ýene sataşjagymy.

Özüň bilýäň, kejir ykbalyň emri,
Bizi aýry ugra etdi ýolagçy.
Ele alan bolsam bir tokga demri,
Heýkel ýasap, bordum täsin ýonagçy.
...

Dowamy »

1058 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Saýtdaky dawa jenjeller haçan gutararka?

Salam, www.talyplar.com-yň mähriban agzalary! Agşamyňyz haýyrly bolsun.
Soňky wagtda saýtymyza göz degdi ýada bir gep-gürrüňa boldy. Näme üçindir şu dawa-jenjelleriň yzy üzülenok. Öňler @Umman agza bilen @wagt agzamyzdy indi bolsa @wagt bilen @ZET-PRO2003 atly agzalarymyz. Bulardan öňürdi @MrOKaS bilen @Perhat Sabirovv (men). Indiki öňümizdä...

Dowamy »

1429 10
Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Eger saňa gyzykly bolsa okaman geçme

Kuranda "dünýä " sözi 115 gezek geçýä we "ahyryýet " sözem,115 gezek geçýä. Kuranda "Jennet" sözi 77 gezek geçýä we " jähennem" sözi hem 77 gezek geçýä. Kuranda "perişde" sözi 88 gezek geçýä we "şeýtan" sözi hem,88 gezek geçýä. Kuranda "ýewm" ýagny, "gün" sözi 365 gezek, "aý" sözi hem 12 gezek, Günler -manysynda gelýän "eýýam, ýewmeýn" sözleri bols...

Dowamy »

1474 11
Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

DURMUŞA ÇYKÝAN GYZYŇ  IÇGEPLETMESI

DURMUŞA ÇYKÝAN GYZYŇ  IÇGEPLETMESI

Otyryn men oý-hyýallaň içinde
Diýýän: «Bagta tarap ädim ädýän men».
Giň howluda, dar otagyň içinde,
Törden gapa telim gelip-gidýän men.

Bu gün ykbalymda boljak öwrülşik,
Şoň üçin bedenim tapdy galpyldy.
Bolmaly biz täze ojak, öý-işik,
Şu piki...

Dowamy »

1138 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Sen näme diýersiň?

Türkmeni adam etjek bolanlañ hemmesi ýanyp bişip geçendir. Men neneñ olaryñ agysyny aglamaýyn? Togrul Beg, Çagry Beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Magtymguly... ýaly läheñleriñ ýanynda men kim? Men ýöne bir san,belki-de bir gury san. Ýöne men bir topar nadanyñ öz gecmişine neneñsi ýamanlyk hyjuwy bilen düw düw topulyşyny gördüm. Gözlerim görmeze ýolu...

Dowamy »

1357 7
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

"COVID-19 pandemiýasynyň ikinji ýaýylma hadysasynyň ýokdugyny nygtadylar"

Koronawirusyň görnüşleri we formasy COVID-19 pandemiýasynyň ikinji ýaýylma hadysasynyň ýokdugyny görkezýär. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit müdiri Dorit Nisan habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Pandemiýa 2020: çagyryşlar, çözgütler, netijeler” atly maslahatda çykyş eden, N...

Dowamy »

1557 1
Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 5 years ago

"Kriştianu Ronaldo koronawirus ýokuşanlygy mälim boldy"

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň koronawirus üçin barlagy položitel çykdy diýip, Portugaliýanyň Futbol Federasiýasy habar berdi. 35 ýaşly oýunçynyň "özüni duýşy gowy, simptomlar ýok we karantina alyndy" - diýlip, PFF-iň beýanynda aýdylýar.

Çarşenbe güni Milletler ligasynyň toparçasynda...

Dowamy »

1678 0
Sport, MrOKaS tarapyndan 5 years ago

"Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messi ýylyň başyndan bäri iň gymmatyny ýitiren oýunçylaryň sanawynda ikinji ýeri eýeledi"

Messi bahasy arzanlan oýunçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi.
"Transfermarkt" portalynyň habaryna görä, Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messi ýylyň başyndan bäri iň gymmatyny ýitiren oýunçylaryň sanawynda ikinji ýeri eýeledi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Öňki gymmatyndan 40 million ýewro arzan baha kesilýän argentinaly hüjüm...

Dowamy »

1612 0
Sport, MrOKaS tarapyndan 5 years ago

"Türkmen bolmak hiç wagt aňsat bolmandy, Häzirem aňsat däl mynasyp bolmak."

BU GÜN TÜRKMEN DIÝMEK

Türkmen bolmak hiç wagt aňsat bolmandy,
Häzirem aňsat däl mynasyp bolmak.
Türkmen diýmek, bu gün Garaşsyz Watan,
Hemem şol gowlugyň gadyn bilmek.

Türkmen diýmek, bu gün ýaşyl Tuguňa
Guwanmak parladyp, ýüregiň bilen.
Hemem oňa hyzmat etmek söýüpler,
Geçmişi...

Dowamy »

1539 0
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 5 years ago

Aýal gyzlaryň açyk seçik geýinmegi barada pikir alyşlykdan

Her zadyň çeni bolşy ýaly bezenmekligiň hem çeni bar. Çenden aşa bezemen aýal-gyzlara erkek kişiniň garaýyşy üýtgeýär. Aýal-gyzlaryň göze ilginç bezenmegi we munuň netijeleri barada men sizi bir zatlar aýtsam „Diri samsyk däl-ä menem, akyl berip aldyň senem“ diýmegiňiz mümkin. Şonuň üçin geliň gowusy bu barada iş salyşýan, köp çaý sowadan medisina...

Dowamy »

2110 27
Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

A sen bilýäňmi, onda bilmeseň gel oka, bil!

*Afrikanyň käbir yurtlarynda, afrikan gyzy durmuşa çykanda, yoldaşy onuň öňündäki 2 dişini döwýär ekeni. Sebäbi hem beýlekiler onuň aýalyna göz gyzdyrmaz ýaly.
*Wikipedia aýratyn kitap edip çykarylsa, onuň sahypalary 30 000 000 ýeterdi.
*Dyrnaklardan ortaky barmagyň dyrnagy has çalt ösýär. Näme üçindigi belli däl, Ýöne haýsy barmagyň...

Dowamy »

1488 0
Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Doglan günüň gutly bolsun, esger ýigit

Esger diýip dakylypdyr adyňa,
Esger ýigit bolup,ýetişersiň sen.
Esgerlige giden çagyň bilersiň,
Hem enäniň,hem atanyň gadyryn.

Doglan günüň bilen gutlar doganyň,
Doglan günüň gutly bolsun, Esger ýigit.
Esger diýip seslenýärler, eneň-ataň,
Doglan günüň gutly bolsun, Esger ýigit.

...

Dowamy »

1229 2
Edebiýat, Waharman tarapyndan 5 years ago

Ateistler hakynda gyzgynjak hem gyzykly henekler

ATEISTLER HAKYNDA GYZGYNJAK HEM GYZYKLY HENEKLER





Filosofiýadan synag wagtynda soraglaryň jogabyny bilmese-de özüni juda dogumly alyp barýan talyp ýigide gahary gelen mugallym oňa käýinip başlaýar:
ㅡ Ýagşy ýigit siziň bilim çölüňizde ýekeje-de bagy-bossanlyk (oazis) ýok...
ㅡ Näme üçin, h...

Dowamy »

1755 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago

Ömürzaýa ýyldyzym

ÖMÜRZAÝA ÝYLDYZYM

Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Küküreginde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikirlerin jemläp.

Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam ag...

Dowamy »

1364 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago

Azajyk logika ýöredeliň

Dinde aýdylýan zatlaryň biri; Allah hemme zady entek bolmanka öňünden bilýär, adamzada erk (irade) beripdir we synag edýär. Synagyň netijesini bilýär, ýöne adamzat öz ýalňyşyny görsün diýip bu dünýädäki ýaşaýşy berýär.
Allah adamy ýaratmanka, hatda şeýtany hem ýaratmanka şeýtanyň adama sejde etmejegini, adamyň şeýtanyň gepine gidip jennetden...

Dowamy »

2347 18
Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 5 years ago

"Adam köpçüliginde ynsan gytçylygy" atly mowzugyň 2-nji bölümi

Salam, www.talyplar.com-yň mähriban agzalary we okyjylary.
Meni bir gyzyň söýgüsini har edenim üçin günäkärläp üstümden dereksiz mowzuklary açýanlaryň dykgatyna:
Meni tankytlaň, soraglaň, günäkärläň işim ýok welin, ýöne siziň wagt gidirip mowzuk açýanyňyz galýandyr.
Men siziňki ýaly mowzuklary 2012-nji ýyldan bäri görüp saýgary...

Dowamy »

1693 36
Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Haýyşt boýunça "Bilbil"

Haýyşt boýunça "Bilbil"

Aýdayn saňa dilim
Söýýän seni bilbilim
Arzuwym bol gelinim
Sensiň ähli dilegim

Söýýän seniň adyňy
Peseltmän söýgüm badyny
Gurşap akyl ýadymy
Adyma goşaýyn adyny.

Serdar Melejäýew. 61506820

Dowamy »

1217 1
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

Bol ýanymda Goşgy

Bol ýanymda.

Behiştde ýaly bolýan, ýanyňda
Perişdäm ýaly bol, ýanamda
Her işde bolýaň hyýalymda
Söýenim bol mydam ýanymda

Bagtly men seniň baryňda
Taýýar men bermäne barymda
Reňki pes soýgümden, garyňda
Söýenim bol mydam ýanymda

Jadylan, ýylgyraňda ýaňaklaň
...

Dowamy »

1269 1
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

Kursdaşlarym Goşgy

Kursdaşlarym.

Ilki nätanyşdyk indi tanyşdyk
Ýolda görsek bir-birege garaşdyk
Göwne degsek ýene tiz ýaraşdyk
Dogan ýaly bolan kursdaşlarym.

Ýetişmedim berip duraý depderiň
Degişme degmesin göwne geplerim
Gonsyn egniňize bagt kepderi
Ýakynym gadyrdan kursdaşlarym

...

Dowamy »

1521 0
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

Adam köpçüliginde ynsan gytçylygy...

Adam köpçüliginde ynsan gytçylygy...

Ilki bilen Essalowmaleýkim hormata mynasyp gardaşlar we söze nämynasyp saýtdaşlar. "Sabirowa_M" atly agzañ açan "Häsiýetnama #2" diýen mowzugynyñ aşagyndaky teswirleri okap çykyp şu mowzugy açmasam bolmaz diýen karara geldim. Şol teswirleri okap esasy dawalaşyp oturan Perhat Sabirow bilen Mähri ek...

Dowamy »

1868 25
Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 5 years ago