Görüş ýitiligine peýdaly maslahatlar.
Oňaýly iş ýeri, ýeterlikli ýagty we ýagtylyk şöhlesi göni göze düşmeli däl, ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly. Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz kadasy bolmaly. Ýagny, damarlary berkidiji maddalary saklaýan iýmitleri; çernika, garaly, käşir, balyk, bagyr, ukrop, kelem, gök sogan, petruşka ýaly gök önümleriň köp iýilmegi maslahat berilýär. Gözi hökmany Gün şöhlesinden goramalydyr. Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin pagtany sowujak suwa öllemeli we gözleriň üstünde 5-10 minut goýmaly. Gözleriňi ýumup, maňlaýy, gaşlaryň ýokarsyny, çekgäni barmaklaryň bilen başam barmakdan süýem barmaga tarap aýlawly hereket bilen elleriň aýasy bilen sähel göz bäbeneginiň üstüne basyp owkalamak, gözüň gan we göz içki suwuklygynyň aýlanşygyny gowlandyrýar. Göz üçin peýdaly maşklar Size hödürlenýän göz maşklaryny kompýuterde iş wagtynyň belli bir böleginde işleýänler üçin günde iki gezek, üznüksiz işleýänlere bolsa her bir sagatdan gaýtalamaklygy maslahat berýäris. Tiz-tizden gözleriňizi gyrpyň. Maşky 100 gezek gaýtalamaly. Sagat diliniň ugruny gözleriňiz bilen yzarlamaly, bu hereketi tersine ýerine ýetirmeli. Maşky 10 gezek gaýtalamaly. Penjiräniň ýanyna baryp, daş aralyga ünsli serediň, haýsam bolsa bir ownuk daşda duran predmete we birden burnuň ujuna seretmeli. Göz bäbenegini ýokary aşak wertikal ýagdaýda hereketlendiriň. Maşky 6 gezek gaýtalamaly. Gözleriň bilen göz bäbeneginiň aşaky çep tarapyna, soňra sag tarapyna seretmeli. Maşky 6 gezek gaýtalamaly. Gözleri saga çepe gorizontal hereketlendirmeli. Maşky 6 gezek gaýtalamaly. Kelläni yza agdyryp dem almaly, soň öňe egip demi goýbermeli. Maşky 6 gezek gaýtalamaly. Gözleriň bilen süýem barmagyň ujuna seredip, barmagy burnuň ujuna degirmeli. Maşky 4 gezek gaýtalamaly. Gözleri bar güýjiňiz bilen ýumup her 30 sekuntdan 5-6 gezek giň açmaly. Maşky 4 gezek gaýtalamaly. Kelläňi we boýnuňy dik tutmaly, şol ýagdaýda gymyldaman gözleriň göreçlerini çep we sag egniňe öwürmeli. Maşky 4 gezek gaýtalamaly. Şeýle-de, ähli elektriki enjamlarynyň gyzyşy ýaly, uzak wagtlap kompýuteriň işlemegi howany gyzdyrýar, ozony köpeldýär. Şonuň üçin iş ýeriniň howasyny täzeläp, ýagny, ýelejiredip durmaklygy özüňize endik ediniň. Ýokarda bellenip geçilenleriň ählisi berjaý edilse, gözüň we kelle beýniniň gan aýlanşygy gowlanýar, kelle beýniniň nerw öýjükleri bilen gözi hereketlendiriji nerw süýmleriň özara baglanşygy ýokarlanyp, netijede, ýadawlyk aýrylmagyna getirýär hem-de gözi hereketlendiriji myşsalar berkeýär.

Internet sahypalaryndan toplan:Döwlet Aşyrovv

Täzelikler, Döwlet Aşyrovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir