Ilkinji poçta markalary haçan döredi?
Ilkinji poçta markalary 1840-njy ýylda Angilýada peýda bolýar.Emma olaryň arkasy ýelimsiz eken.Markalar sürgüç bilen bukja ýelmenipdir ýa-da iňňebagjyk bilen bukja berkidilipdir.Şondan bäş ýyl soň,Orsýetde ýüzi markaly bukjalar çykarylyp başlanypdyr.
Gün ulgamynda näçe planeta bar we olar haýsylar?
Gün ulgamynda 9 sany uly planeta (Merkuri,Wenera,Ýer,Mars, Uran, Ýupiter, Saturn, Neptun, Pluton) we köp sanly kici planetalar bar. Soňky döwürde biziň planetalar sistemamyzdan başga 150 sany planeta tapyldy. Bu planetalaryň her biri Ýupiter ýaly uly planetalardyr. Olaryň arasynda biziň Ýerimiz ýaly kici planetalaryň bolmagy hem mümkin diýlip çak...
Ýer planetasy hakda maglumat
Gün ulgamynda esasy,dokuz planeta bar.Şolaryň arasynda ýeke-täk adam ýaşaýany Ýer planetasydyr.Bu planeta ululygy boýunça bäşinji orunda durýar.
Ýer planetasy şar şekilindedir.Onuň tutýan umumy meýdany 510 million inedördül kilometrdir.Planetamyzyň göwrümi 1000 000 000 000 kub(1 trillion kub) inedördül kilometre deňdir.Agramy bolsa 5976 x...
Muny bilmek gyzykly (3)
Ýer togalagynda Ýuwaş, Atlantik, Hindi we Demirgazyk Buzly ummanlary bar.
* * *
Güjüm agajy iň köp ýaşaýan agaçlaryň biridir.Ol iki müň ýyla çenli ýaşaýar.Örän baý kislorody emele getirýän bu agaja Türkmenistanda duş gelmek bolýar.
* * *
Dünýädäki iň çuň köl bolan Baýkal kölünde ýaşaýan jandarlaryň we ösümlikleriň...
"Dünýede"
Dünýede
Bir nijäni sen üstüňden agtardyň,
Köpü aglap köpü güldü dünýede.
Oýnadyp ýaýnadyp topraga gardyň,
Adam Ata döräp öldü dünýede.
Iň agyr nalyşdyr ynsan nalyşy,
Bu nalyşy eşitmesin hiç kişi.
Zar aglamak bolar mydam endişi,
Jennetden kowuldy dünýede.
Kabyl ge...
Dünýädäki 7 sany hakykat, Eger bilmeseň gel oka!
1.Gözüñiziñ içine sabyn çalyp bilmersiñiz.
2.Saçyñyzy sanap gutaryp bilmersiñiz.
3.Diliñiz daşyndaka burnuñyzdan dem alyp bilmersiñiz.
4.Edil şu wagt siz 3-nji hakykady edip gördüñiz.
5.Siz munuñ dogrydygyna göz ýetirdiñiz (ýöne şonda-da siz kiçijek güjüjige meñzediñiz )
6.Siz şu wagt gülýäñiz sebäbi oýlandyrd...
Içinde - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Içinde
Köňlüm, ne iş bitirdiň, geldiň jahan içinde.
Magtymguly.
Mähir görkezip janym, zar-u-girýan içinde,
Ýagşylyga ýar bolup, galdym arman içinde,
Hatalam hatar-hatar, müň puşeýman içinde,
Başym göwräme ýetmes, daş-degirmen içinde,
Umydymyň gülleri gara duman içinde,
Köňlü...
Ynandyrma meni - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Ynandyrma meni Ýagşysyn Tapmas sen Özbegistanyň at gazanan medeniýet Güýz geldi - Göwnüm gülledi. Böwürslen ÇAKGYNYÑ ÇÜÝI Ene ýüregi (aýdym). Ependiniň ogry goňşusyndan ar alşy Dowzahda seniň ýeriň taýyn Ependi we dähri Bir gün Ependi Teýmirleňiň ýanynda otyrka, bir mes esgeri alyp gelipdirler. Teý- Ogrularyň Ependini aldaýyşlary
Ynandyrma meni ýalan mähriňe,
O mähir umytda ýanmazmy soňra?!
Bir pursat görünýän aýbölek ýaly,
Gözi guwandyryp, sönmezmi soňra?!
Ynandyrma meni ýalan sözlere,
Puşman baglamasyn gözlerim nurun.
Bu yssy lebizler sowaşyp barha,
Öz bolşuma özüm gyýylyp durun.
Ýagşysyn - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Ýeri çarhypelek aýlandyryp dur,
Nowruz älem diýrler aýyň ýagşysyn.
Adam ömri, elbet, kysmata bagly,
Ata mekan diýrler jaýyň ýagşysyn.
Eý, Ýaradan rahman, gudrat keremiň,
Gören haýrandadyr bagy-eremiň,
Ýerasty, ýerüsti ylham bereniň,
Daşgyn derýa diýrler saýyň ýagşysy...
Tapmaz sen - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Niçe işi akyl bilen jem etseň,
Pelek çaşyr, bir gün hasap tapmas sen.
Magtymguly.
Bu durmuşyň baş-aýagy sowaldyr,
Müň oýlanyp, hiç bir jogap tapmas sen.
Zemini-de, Asmany-da hyýaldyr,
Köňül tümlük bolsa aftap tapmas sen.
Ir ertirde ak sähradan gül gözläp...
Gülüstan MÄTÝAKUBOWA. Garagalpagystanyň halk şahyry.
işgäri «Janypkeş hyzmatlary üçin» diýen ordeniň eýesi, Garagalpagystanyň halk şahyry,
«Garagalpak edebiýaty» atly hepdelik neşiriň redaktory Gülüstan Mätýakubowanyň döredijiliginden dürli eserleri öz içine alýan üç tomlugyny «Özbegistan» neşirýaty çap etdi. «Garagalpagystan» neşirýaty bolsa, onuň go...
GÜÝZ GELDI - GÖWNÜM GÜLLEDI (Şahyrana oýlanma)
(Şahyrana oýlanma)
Nämüçindir, «Güýz gelse, göwnüm gül-
leýär» diýip, käbäm ejem juda begenerdi.
Ejem begense, bizem begenerdik. Men-ä,
muňa özümçe şeýle düşünerdim: çägelik
ýerde tomsuň howry has ýiti bolýar. Onso
ňam, sowadyjy ýok, zat ýok. Kölegeden-köle-...
Böwürslen (Hekaýa)
(Hekaýa)
Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýa...
GÖZÜÑI ÇAKGYNYÑ ÇÜÝI ÝALY EDIP
Çakgy sözi dogrusynda «Türkmen diliniò düşündirişli sözlüginde» «Dili sapynyñ içine eplenip ýapylýan we açylýan kiçijik pyçak» diýlip düşündiriş berilýär. Ýöne halk arasynda gepleşiklerde «Gözi çakgyñ çüýi ýaly» diýen meñzetme köp ulanylýar.
Ýokarky düšündirişden görnüşi ýaly, çakgy eplenip, tygy sapynyñ içine gi...
ENE ÝÜREGI (aýdym)
Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,
Enäniň ýüregi gülden näzikdir.
Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz,
Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr.
Gaýtalama
Enäniň ýüregi her derdi syzar,
Her derdiň dermany onuň sözüdir,
Enäniň gül ý...
Ependiniň ogry goňşusyndan ar alşy
Ependiniň bir oýunçy guzusy bar eken. Ependi ony gaty gowy görüp, her dürli
iýmler bilen naharlaýar eken. Guzy tokly çykyp, gaty semräpdir. Guýrugy elek ýaly
bolupdyr. Ependiniň açgöz goňşulary muňa göz gyzdyryp, haçan duşsalar:
– Ependi, geliň, şu toklyny soýup iýeliň – diýip, azar b...
Dowzahda seniň ýeriň taýyn
Bir gün mejlisde o dünýä hakynda, magşar günündäki howpdyr hatarlar barada
gürrüň edilipdir. Oturanlaryň hemmesi gaýgyly oýa batypdyr. Ependiniň ýanynda
oturan Teýmirleň hem uludan demini alyp:
– Men eden etmişlerim üçin Hudaýyň öňünde nähili jogap okarkam? Meniň jaýym
nirede...
Ependi we dähri
Teýmirleň Akşäherde bolanda, şähere bir dähri gelipdir. Ol:
– Meniň birnäçe soragym bar. Welaýatyňyzda güýçli alymlaryňyz bolsa, ýygna-
nyşsaňyz, bäsleşip görsek – diýipdir. Teýmirleň şäheriň tanymal alymlaryny ýygnap:
– Bize köpbilmiş alym gelipdir. Tebigat we hasap ugurlary boýunça siziň bilen <...
Ody özüňe bas – ötmese kesekä
mirleň oňa üç ýüz taýak urmagy buýrupdyr. Ependi bu hökümi eşiden badyna batly
gülüp goýberipdir. Teýmirleň oňa gaharlanyp:
– Ýene iki ýüz taýak urmaly – diýip höküm edipdir. Ependi öňküden hem gaty
gülüpdir. Muňa Teýmirleň has hem ot alyp...
Ogrularyň Ependini aldaýyşlary
Günlerde bir gün Ependiniň eşegi ölüpdir.
Aýaly:
– Biz eşeksiz mydar edip bilmeris, me, saňa altmyş teňňe, bar, bazardan eşek
satyn al – diýipdir.
Ependi bazara baryp, bir eşek satyn alypdyr. Ol satyn alan eşeginiň nogtasyndan
tutup, yzyna garaman, alyp gelýän eken. Iki san...