Gelip ýetdi ýigitleriň baýramy,
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gün.
A söýgüliň bilen keserli bolsaň,
Şugun hökman çözulmeli şol düwün.

Näme üçin beýle?!
Çünki köpsanly ýigit,
Ajap-ajap alada e sowgatlara garaşyar.
Gymmatly sowgatlaryň
Deregine bolsa,
Söýgi hakda ýazylan
Sms tutýar.

Mundan öňem ýazýaňyza sms
Mähriňize çoýup, söýýärin diýip.
Geçen ýyl jorap sowgat etdiler,
Üşäýme! Alada etýärin diýip.

A-how ejemiz bar, jorap geýdirjek,
Yssy sözler bilen bizi ýylatjak.
Özüňüzä bir sowgady gysganyp,
Başarsaňyz yzyňyzdan ylgatjak.

Söýgülisi bilen aýlanyp bilmän
Agşam dosty bilen aýlanýar käsi,
Ellerinde söýgülüsiniň eli däl
Kola bar, çigitden doly jübüsi.

Sowgat alyp söýgülüler gününde
Ajapdan has ajap, gymmatdan gymmat
Hatda şugün biz ýigtleriň gününde,
Öýde gelnimize etýäris hyzmat.

Özleri-hä jaňam edenak!
O hiç, biz etsegem almajaklary belli.
23-nji fewral ähli gyzlaryň
"Telefonlaryny öçürýän güni"

Menä haýran galýan gelin-gyzlara
Sowgat alyp bermelimiş diýenak
Wah garaşyň 8-nji mart gelsin
Bereniňizden başgada sowgat ýok.

Haý her näme diysegem ajap durmuşyň
Göwher gaşy bolýar gyzlar, gelinler.
Berenleri bilen oňuşaýmasak
Başga alac galmaýar bize ýigitler

Isa Hojamerdanow

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir