Gara ölüm diýip tanalýan mergi (çuma) keseli aslynda näme ?

Öň mergi ýada "Çuma" keseli barada eşidensiňiz. Ençeme filmlerde ýada distlaryňyzdan eşiden bolmagyňyz ahmal. Näme onda bu mergi keseli? Mergi keseli büreler arkaly adamlara ýokaşýan we gysga wagtyň içinde ölüme sebäp bolup biljek bakterial keseldir. Mergi keseline sebäp bolýan bakerianyň ady «Yersinia Pestis»-dyr. 



Olar Afrika, Amerika, Aziýa topraklarynda ýaşaýan kiçi gemrijilerde görülýär. «Yersinia Pestis» ýokanç gemrijiler bilen iýmitlenýän büreler tarapyndan dişlenip adamlara we haýwanlara geçýär. Ýokanç keselli haýwanlara ýanaşan adamlara hem aňsatlyk bilen geçip bilýär. Merginiň iň köp ýaýran görnüşi buboniki mergidir. Bubon mergisi adamyň içegesindäki, goltuklarynda ýa-da boýnundaky limfa düwünleriniň çişmegine we ysgynsyz pes bolmagyna sebäp bolyar

Gaty az görülýän we iň ölüm howply görnüşi bolsa mergi görnüşi bolan pnewmoniki mergi bolsa adamyň öýkenine täsir edýär we adamdan adama geçip bilýär.

Büreler haýwanlardan towşanlary, itleri, syçanlary dişläp bilýär. Dişläninden soň bu haýwanlara hem ýokanç kesel geçýär. Eger bu haýwanlaryň ýokanç gany, ynsanyň bedenindäki islendik bir çukur ýerinden içe girse, onda kesel adamada geçýär.

Öýkene täsir edýän pnewmoniki mergi bolsa bir adama geçen bolsa, şo adamyň asgyrmagy we onuň tozjagaşlaryny bir adamyň dem alyp içine çekmesi bilen ýaýrap biler.

Bu keselden goranmak üçin şo döwürlerde elhenç we biraz geň maska oýlanyp tapylypdyr. Lukmanlar hem şo maskany geýýärdi.

Mergi keseli 1347-1353-nji ýyllarda Ýewropada ýaýrandyr we Ýewropa halkynyň 3-de 1-i bu kesel sebäpli heläk bolandyr. Umuman 25 million adam öldi. Kesel şeýle bir çalt ýaýraýardy welin öýleriň gyralary jeset bolup ýatyrdy. Ýöne keseliň gaty çalt ýaýramagy onuň özüniňem soňuny getirdi. Ýagny soňabaka bu kesele sezewar bolan adamlar eýleki adamlaryň ýanyna barmanka we gürleşmänkä ölýärdi.

1400-nji ýyllarda ýaşap geçen Italiýan alymy Bokakkio, «Decameron» atly eserinde mergi keselini şeýle belläp geçipdi :

«Kakalar ogullaryny, ejeler bäbeklerini terk etýär, hyzmatçylar baştutanlaryndan gaçýar, lukmanlar kesellileri barlamana gidenoklardy. Öýler, mazarlyga öwrülipdi»

Başda bu keseli «Hudaýyň näleti» diýip bilipdirler, hatda muny jadygöýlerden görüp jadygöý diýilýän kişiler ýakylandyr. Ýewropada mergi keseli bilen ölen adamlaryň jesetleri hem ýakylýardy.

Orta asyrlarda «Gara ölüm» diýip tanalýan mergi keseli, her ýyl 5000-e golaý adama ýokaşýar.

Mergi keseli antibiotikler bilen derrew bejerilmese, netijeleri ölüme sebäp bolýar.

Bu wagtlarda mergi keseli gaty az görülýär we az ýokuşýandyr. Şuwagt mergi keseli Afrikanyň Madagaskar adasynda köp görülýär. 

Siz bu kesel barada näme pikir etýäňiz ?

Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir