ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy
Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli. Teodor ony heniz pişijek wagty halas edýär: Oskaryň dirofilýarioz keseli bardy, ýöne eýesiniň kömegi bilen ol sa...
Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi
Toyota ilkinji gezek RAV4 krossoweriniň täze nesliniň resmi tizerini hödürledi. Modeliň doly premýerasy 20-nji maýda bolar.
Suratlarda awtomobil ýokardan görkezilýär, şeýle-de onuň interýeri hödürlenýär. Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy.
Tehniki aýratynlyklar häzirlikçe belli däl. Deslapky maglumatlara görä, esasy wersiýada...
IOS 18.5 täzelenmesiniň üsti bilen iPhone 13 ABŞ-da hemra aragatnaşygyna eýe boldy
Apple iOS 18.5 täzelenmesini çykardy. Esasy täzelikleriň biri iPhone 13, şol sanda mini, Pro we Pro Max wersiýalary üçin habarnamalary hemra arkaly ibermek mümkinçiligi boldy.
Hyzmat Starlink tehnologiýasynyň esasynda T-Mobile operatory tarapyndan üpjün edilýär. The Verge-iň habar bermegine görä, ol ABŞ-da elýeterli we iýul aýynda synag döwr...
Bred Pitt we Hawýer Bardem bilen “F1” filminiň täze treýleri çykdy
Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar.
Bred Pitt “Formula-1-iň” öňki ýaryşa gatnaşyjysy Sonni Heýsi oýnady. Ol 90-njy ýyllarda heläkçiligi başdan geçirýä...
Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy
2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi.
Dongchedi hytaý çeşmesiniň maglumatlaryna görä, aprel aýynda 18 000 Passat awtomobili satyldy, Camry-nyň satuwy 16 000, Accord b...
Nissan çökgünlikden halas bolmak üçin 10 müň işgärini işden çykarar
Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär.
Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir....
Mumbaýda smartfonlardan we noutbuklardan ýygnalan ilkinji hindi ýaryş ulagy görkezildi
Mumbaýda Envision Energy kompaniýasy Recover-E ulagyny hödürledi. Bu Hindistanda doly elektron galyndylardan döredilen ilkinji ýaryş elektrokarydyr. Awtomobil köne smartfonlardan, noutbuklardan we planşetlerden ýygnaldy.
Taslama Ýer güni mynasybetli “Biziň energiýamyz, biziň planetamyz” kampaniýasynyň çäklerinde EARTHDAY.ORG bilen bilelikde...
«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler
«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine...
Günbatar Goturdepe käninde uglewodorod serişdeleriniň baý senagat akymy alyndy
"Türkmengeologiýa" döwlet konserniniň "Lebapnebitgazgözleg" ekspedisiýasynyň agzalary Günbatar Goturdepe känindäki №1907 gözleg guýusyndan uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron gazeti habar berýär.
Guýynyň çuňlugy 4 000 metre golaýlap, bu kän boýunça iň çuň guýy boldy. Gözlegleriň netijesinde aşaky g...
Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar
Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär.
Google 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek nyşanyny täzeledi. Esasy element öňküsi ýaly «G» harpy bolup galdy, ýön...
Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy
Russiýaly alymlar Morrisonyň goriçnigi (Peucedanum morisonii) atly dermanlyk ösümlikden alnan kumarin esasynda guş dümewine garşy täze birleşmeleri işläp taýýarladylar. Bu birleşmeler lukmançylykda wirusly ýokanç keselleri bejermek üçin ulanylyp bilner diýip, patente salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.
A dümew wirusy adamlarda möwsüml...
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi
Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr.
Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy. Çalt hereketli sahnalary has aýdyň görkezmek üçin bolsa ProScaler tehnologiýasynyň goldawy bar.
Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Adaty bolmadyk gurnamany Portugaliýanyň Parque dos Dinossauros da Lourinhã (PDL) kompani...
Dünýä boýunça ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-i ylmy taýdan öwrenilipdir
Amerikaly alymlaryň geçiren täze barlagy çuň suwly ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-iniň wizual görüş arkaly öwrenilendigini görkezdi. Bu Belgiýanyň tutýan meýdanyndan takmynan on esse kiçi diýmegi aňladýar.
Derňew 1958-nji ýyldan bäri 43 000-den gowrak ummana çuň çümmek bilen geçirilen işleriň maglumatlaryna esaslandy. Barlagçylaryň gel...
Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär
Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy.
Synagyň netijesine görä, sekiz sany sifrden ybarat açar sözi döwmek üçin, 15 minut gerek bolýar. Eger açar sözi diňe se...
Iň gadymy naýzalary Germaniýanyň çäginde ýaşap geçen neandertallar ýasapdyr
Ýewropaly antropologlar Saksoniýadan (Germaniýa) tapylan Şöningen naýzalarynyň, takmynan, 200 müň ýyl ozal döredilendigini kesgitlediler. Bu öň pikir edişimizden 100–200 müň ýyl soňdur.
Science Advances žurnalynda çap edilen barlag naýzalaryň geýdelberg adamlaryna däl-de, neandertallara degişlidigini görkezýär.
Maýns uniwersitetinden...
Gaty batareýalaryň zarýad alşyny rekord derejä çenli tizleşdirýän material döredildi
Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň (TUM) alymlary batareýalara çalt zarýad almaga we howpsuz işlemäge mümkinçilik berýän täze materialy döretdi. Ol geljekki akkumulýatorlar, aýratynam, elektromobiller we ykjam gurluşlar üçin esas bolup biler.
Täze material litiý-ionlary beýleki islendik materiallardan 30% tiz geçirýär. Bu bolsa batareýanyň ça...
IBM we Google garrylyga garşy göreş üçin kwant tehnologiýalaryny hödürlediler
Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen konferensiýada IBM we Google kompaniýalary derman serişdeleriniň işlenip düzülişini çaltlandyryp biljek we garramagyň mehanizmleriniň öwrenilmegine ýardam berip biljek kwant tehnologiýalaryny hödürlediler.
Kompaniýalaryň ikisi hem eýýäm kwant kompýuterlerini molekulalaryň modelirlenmegi we beloklaryň özara täsir...
Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 4,57 mln dollar boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, Owganystanyň...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
12-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň...