Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Hödürlenen wideoda geýmpadyň Redmi K Pad planşeti bilen Black Myth: Wukong oýnunda işleýşi görkezilýär. Kontroller dolandyryş režimini, stikleriň duýgurlygyny, düwmeleri, wibrasiýa derejesini, ýagtylyk effektlerini sazlamak interfeýsi bilen üpjün edildi. Şeýle-de, programma üpjünçiligini “howadan” täzelemek we sazlamalary ýatyrmak mümkinçiligi bar. Geýmpad ak-çal reňk gammasynda ýerine ýetirildi we ol ykjam gurluşlara ýörite berkidijiler bilen berkidilýär. Kontrolleriň her ýarymy aýratyn işläp bilýär. Häzirlikçe diňe simsiz aragatnaşyk tassyklandy, ýöne gizlin USB porty hem bolup biler. Döredijiler bu gurluşyň Xbox bilen resmi taýdan gabat geljekdigi ýa-da ýokdugy barada maglumat bermeýär. Baha we reliziň takyk senesi hem belli däl. Kontrolleriň tanyşdyrylyşynyň ýakyn hepdelerde Redmi K Pad planşeti bilen bilelikde bolmagyna garaşylýar.