Xiaomi 15 Ultra hemra aragatnaşyk goldawyna eýe bolar
Täze Xiaomi 15 Ultra smartfony standart görnüşde emeli hemralar arkaly aragatnaşyk goldawyny alar. Enjam iki görnüşde hödürlener diýip, Digital Chat Station atly maglumat çeşmesi habar berýär.
Xiaomi tarapyndan çykaryljak täze smartfonyň bir görnüşi Beidou aragatnaşyk ulgamy arkaly hemra jaňlaryna we hatlara goldaw berse, beýleki görnüşi diň...
Hytaýda BMW X3-iň üýtgeşik wersiýasy çykarylyp başlandy. Ol beýlekilerden uzyn
Hytaýda BMW Brilliance zawodynda G48 kuzowynda BMW X3 krossoweriniň täze wersiýasy öndürilip başlandy.
Autohome-niň habar bermegine görä, bu wersiýanyň aýratynlygy onuň ölçegleriniň ulaldylmagydyr. Ulagyň uzynlygy 4865 mm, ini 1920 mm we teker bazasy 2975 mm. Hytaý modeliniň teker arasy adaty görnüşinden 110 mm uly we BMW X5-iňki bilen deň h...
CES 2025 sergisinde meýdany 37 inedördül metre çenli ulaldylýan ulag öý görkezildi
AC Future kompaniýasy Las-Wegasda CES 2025 sergisinde Pininfarina dizaýn studiýasy bilen bilelikde döredilen özboluşly AI-THd ulag öýi hödürledi. Bu barada New Atlas neşiri habar berdi.
A kysymly kaşaň furgonyň uzynlygy 6 metr, ýygnalgy ýagdaýda tutýan ýeri adaty kemperiňkiden uly däl. Şeýle-de bolsa, ykjam ulag süýşürilýän modullaryň kömegi...
Tailand syýahatçylara synag görnüşinde bitkoin bilen töleg etmäge rugsat berýär
2025-nji ýylda Phuketde syýahatçylara harytlar we hyzmatlar üçin bitkoin bilen töleg etmäge mümkinçilik berýän synag taslamasy işe girizilýär. Bu barada Tailandyň maliýe ministri Piçai Çunhawajira yglan etdi diýip, 3DNews habar berýär.
Ministr kriptowalýuta synagynyň soňlugy bilen beýleki syýahatçylyk şäherlerine-de ýaýradyljakdygyny belledi...
Häzirki depgin üýtgemese, Ýaponiýada 2720-nji ýyla çenli 14 ýaşdan kiçi ýekeje çaga galar
Eger Ýaponiýada demografik ýagdaý üýtgemese, häzirki depgin bilen 2720-nji ýylyň başyna çenli ýurtda 14 ýaşdan kiçi bir çaga galar. Bu Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýosidanyň soňky hasaplamalaryndan gelip çykýar diýip, The Japan Times neşiri ýazýar.
Mundan öň şeýle ýagdaý 2821-nji ýylda bolar diýlip çaklanylypdy.
Täze maglu...
Ösümlikler, Marsa garanda, Aýda has gowy ýetişýär - alymlar
Demirgazyk Arizona uniwersitetiniň alymlary Aý we Mars topraklaryny imitasiýa edip (hakyky görnüşlerine meňzedip ýasap), oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça barlaglary geçirýärler. Bu barlaglar geljekki arş missiýalarynda özbaşdak ilatly ýerleriň döredilmegi üçin möhümdir diýip, Space.com ýazýar.
Alymlar Mars topragynda azodyň...
Oksfordly alymlar VI asyrdan galan ölüm howply bakteriýany gaýtadan dikeltdiler
Oksford uniwersitetiniň alymlary adamzadyň taryhyndaky iň uly pandemiýalaryň biri hasaplanylýan Ýustinian keseliniň döremegine sebäp bolan patogeniň bir görnüşini ilkinji gezek gaýtadan dikeltdiler. Ylmy barlagyň netijeleri Nature ylmy žurnalynda çap edildi.
«Gadymy patogenleriň dikeldilmegi taryhy epidemiýalary öwrenmekde täze döwür açýar»...
Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2029-njy ýyla çenli Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 10-njy ýanwarda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy...
Türkmenistanyň Mejlisi kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça işler barada habar berdi
10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip ç...
Ýöreýiş ätiýaçlygy 555 km bolan täze elektrikli sedan - Mazda 6e tanyşdyryldy
Mazda Ýewropa bazaryna üçin niýetlenen täze elektrikli "6e" ulagyny hödürledi. Ol Hytaýda öndürilen Mazda EZ-6 modeliniň täzeden brendleşdirilen görnüşi bolup, ol Tesla Model 3-e bäsdeşlik eder we şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar diýip, Auto24 habar berýär.
Model 3-den tapawutlylykda, Mazda 6e-niň arka tarapyndaky ýük ýeriniň ýokary galdyr...
Microsoft Hindistanda emeli aňy ösdürmeklige 3 milliard dollar maýa goýar
Microsoft Google we Amazon bilen bäsdeşligini güýçlendirip, iki ýylda Hindistanda emeli aňyň (AI) ösüşine 3 milliard dollar maýa goýar. Korporasiýa demir ýol ulaglary, saglygy goraýyş, maliýe hyzmatlary, önümçilik we bilim pudaklarynda işleýän bäş sany iri gurama bilen şertnama baglaşdy. Bu barada TechCrunch çeşmesi habar berdi.
Hususan-da,...
NASA-nyň özi Marsdan nusgalary 2040-njy ýyllardan bärde getirip bilmez. Bu uzak wagt alar we gymmada düşer
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi (NASA) SpaceX we Blue Origin ýaly hususy kompaniýalary Marsyň topragynyň nusgalaryny getirmäge çekmegi göz öňünde tutýar.
Gullugyň başlygy Bill Nelsonyň sözlerine görä, Perseverance mars roweri tarapyndan toplanan nusgalary asyl görnüşinde alyp gaýtmak taslamasyny 2040-njy...
750 mln dollar zibilde galdy. Britaniýaly adama bitkoinli gaty diskini tapmak üçin zibili agtarmaga rugsat berilmedi
Beýik Britaniýanyň kazyýeti Nýuport şäheriniň ýaşaýjysy Jeýms Hauellsiň 8000 bitkoin saklaýan gaty diskini tapmak üçin zibil dökülýän meýdany gazmaga rugsat sorap ýazan arzasyny ret etdi. Häzirki wagtda bitkoinleriň bahasy 750 million dollardan geçýär diýip, BBC habar berýär.
39 ýaşly Hauells 2009-njy ýylda 8000 töweregi bitkoini ýygnap, gat...
CES 2025-de hödürlenen iň täsin gajetlerden TOP-7
Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde innowasion we özboluşly gurluşlar hödürlendi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, myhmanlar adaty bolmadyk we hatda täsin robotlary, haýwanlar üçin aksessuarlary we hojalyk tehnikasyny ýada salýan zarýad beriji gurluşlary görüp bildiler.
Ine, iň gyzykly gurluşlardan 7 sanysy:
1. Yukai Engineering komp...
Tesla täzelenen Model Y 2025 krossowerini hödürledi
Tesla kompaniýasy öz bestselleriniň ornuny tutjak täzelenen Model Y 2025-i hödürledi. Bu krossoweriň 2020-nji ýylda satuwa goýberilenden bäri ilkinji täzelenmesidir.
Täze wersiýa mart aýyndan başlap Hytaýda we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda elýeterli bolar, Ýewropada we ABŞ-da bolsa birneme giç çykmagyna garaşylýar.
...
Neuralink eýýäm üçünji hassanyň beýnisine neýroçip ornaşdyrdy
Neuralink kompaniýasynyň Blindsight atly beýni implanty üçünji adama üstünlikli ornaşdyryldy. Bu barada amerikan telekeçisi we milliarder Ilon Maskyň hut özi köpçülige mälim etdi. Mask 2025-nji ýylda bu neýroçipi ýene 20-30 adama ornaşdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy diýip, life.ru habar berýär.
"Şu wagt Neuralink implantlary bilen ýaşa...
Boeing Saturnyň hemrasy Titana äpet howa gämisini ibermegi meýilleşdirýär
Boeing kompaniýasy Saturnyň iň uly hemrasy bolan Titany has içgin öwrenmek üçin äpet howa gämisini ibermek baradaky uly taslamasyny köpçülige mälim etdi. Bu barada UniverseToday neşiri habar berýär.
Bu howa gämisi Titanyň ýerli atmosferasyny peýdalanyp, özüniň beýiklik derejesini sazlamagy başarar. Howa gämisine Titanyň ýerleriniň üstki gatl...
Türkmenistanlylar Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler
2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap, Belarus bilen Russiýanyň arasynda wizalary özara ykrar etmek barada ylalaşyk güýje girýär. Resminama görä, ýurtlaryň birine girmek üçin wiza alan Türkmenistanyň raýatlary wizanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda iki döwletiň çäklerinde giriş-çykyş, ýaşamak we üstaşyr geçmek hukugyna eýe bolarlar diýip, BE...
Türkmenistanda statistik hasabatlylygy döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistanda Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda statistik hasabatlylygy alyp barmak üçin işler alnyp barylýar. Bu ugurda görlen çäreler barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwreb...
Türkmenistanyň muzeý işgärleri 2025-nji ýylda gymmatly eksponatlary toplamak üçin ýerlerde iş saparlarynda bolar
Wise-premýer M.Mämmedowa 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetiň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilme...