Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi. Täze model täjirçilik ýüklerini daşamaklyga uýgunlaşdyrylan we Derbişirdäki zawodda öndüriler. Esasy üýtgeşmeler salonyň yzky bölegine täsir etdi. Land Cruiser Commercial-yň yzky oturgyçlary aýryldy, penjireleri metal örtükler bilen örtülendir we öňdäki oturgyçlaryň arkasyna gözenek bölekli germew goýuldy. Emele gelen ýük meýdanynyň uzynlygy 1685 mm, ini 1286 mm we beýikligi 1090 mm, göwrümi 2 müň litr diýlip hasaplanylýar. Ulag 201 at güýji we torky 500 Nm bolan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji sekiz diapazonly awtomatiki geçiriş we tekerleri doly hereketli ulgam bilen jübütlikde işleýär. Täze önüm ösen ýollary bolmadyk, barmasy kyn ýerlere harytlary eltmek üçin niýetlenendir. Toyota-da Land Cruiser Commercial-yň beýleki täjirçilik ulaglaryndan diňe bir geçijiligi bilen däl, eýsem komplektasiýasy bilen hem tapawutlanýandygyny belleýärler. Enjamlardan 18 dýuýmlyk tigirleri, tokly sazlanýan we gyzdyryjyly öňdäki oturgyçlary, goşa zolakly howany dolandyryjyny we dokuz dýuýmlyk ekranly media ulgamyny öz içine alýar. Iki orunlyk täze “furgonyň” bahasy 52 729 funt sterling (71 000 dollar töweregi), ýolagçy wersiýasyndan 25 000 dollar töweregi arzan. Eltip bermeler 1-nji sentýabrda başlanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir