Huawei täze eplenýän Pocket 2 Premium Edition smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar diýip, brendiň Weibo sosial ulgamyndaky resmi hasaby habar berýär. Täze model 26-njy iýunda satuwa çykarylar we öňki Pocket 2 modelindäki ýaly dört reňkde hödürlener: Tahitian Gray (çal), Rococo White (ak), Purple (gyrmyzy), Black (gara). Smartfon iki konfigurasiýada elýeterli bolar: 12 GB RAM + 256 GB içki ýat — 5499 ýuandan ($766 töweregi), 512 GB ýat bilen — 5999 ýuandan ($835). Bu bolsa geçen ýyl çykarylan adaty Pocket 2 modelinden 2000 ýuan ($279) arzan. Öňki modeliň başlangyç bahasy 7499 ýuandan ($1045) başlaýardy. Täze enjamyň tehniki aýratynlyklary resmi taýdan açyklanmady. Ýöne öňki maglumatlara görä, Pocket 2 Premium Edition modeli Kirin 9020A prosessory bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Ol Kirin 9000s bilen deňeşdirilende 35% ýokary öndürijiligi görkezýär. Syzan maglumatlara görä, täze modelde şu aýratynlyklar saklanar: 6,79 dýuýmlyk eplenýän OLED displeý, 120 Hz täzelenme tizligi bilen; 1,15 dýuýmlyk daşky displeý; 50 MP baş kamera (optiki stabilizasiýaly); 12 MP giň burçly kamera; 8 MP telefoto modul; 2 MP giperspektral modul; Esasy ekranyň ýokarsynda 10,7 MP öň kamera; Smartfon HarmonyOS 4.0 operasion ulgamynda işleýär. Şeýle hem 4520 mA·s akkumulýator, 66 W tiz zarýad, IPX8 derejesinde suw geçirmezlik we Beidou hemra arkaly aragatnaşyk goldawy bilen üpjün edilýär. Täze Pocket 2 Premium Edition diňe Hytaýda satuwa çykarylar, halkara bazary üçin elýeterli bolmaz.