Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy. Bu barada Microsoft-yň resmi goldaw sahypasynyň "Ulgamy dikeltmek" bölüminiň düşündirişinde aýdylýar. Bu üýtgeşme ulanyjylaryň indiden beýläk ulgamyň iki aýdan öňki köne ýagdaýyna yzyna dolanyp bilmejekdigini aňladýar diýip, PCWorld belleýär. Täze düzgünler 25H2 ýaly geljekki täzelenmelerde hem ulanylar. Bu çözgüt esasan hem täzelenme girizilmezden öň awtomatiki usulda dikeldiş nokadyny döretmäge bil baglaýan ulanyjylara täsir eder. Indi bu nokatlaryň has çalt pozuljakdygy sebäpli, Microsoft ulanyjylara häzirki ýagdaýy özbaşdak ýagdaýda ýygy-ýygydan saklamagy maslahat berýär. Özbaşdak dikeldiş nokadyny döretmek üçin: Windows-yň gözleg meýdanyna “Восстановление” ýa-da “recovery” diýip ýazmaly; “Создать точку восстановления” (Dikeldiş nokadyny döretmek) opsiýasyny saýlamaly; Açylan penjirede “Защита системы” (Ulgam goragy) bölümine girip, “Настроить” (Sazlamak) düwmesine basmaly; “Включить защиту системы” (Ulgamy goramagy aç) opsiýasyny işjeňleşdirip, tassyklamaly; Soňra dikeldiş nokadyny döretmeli we oňa aýratyn at bermeli (meselem, döredilen senesi bilen). Şeýlelikde, Windows öňküsi ýaly täzelenmeden öň awtomatiki nokat döretmegi dowam eder, ýöne bu nokatlar indi diňe 60 gün elýeterli bolar. Eger mesele ondan soň ýüze çyksa — düýpli meselelerde hem yza dolanmak mümkin bolmaz.