Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý 28 ýyldan soň Aşgabatda işini tamamlady. Anjeý Madeý 23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji işine hem-de konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzda diplomatik işini durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de taraplar geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny öňe sürmegiň zerurlygyny bellediler.