Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär. Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy. Paramount-yň berýän maglumatyna görä, serialyň ilkinji bölümini dünýä boýunça 26 million tomaşaçy gördi. Paramount+ platformasynyň meşhur taslamalarynyň arasynda “Gangsterland” iň köp tomaşa edilen ikinji serial boldy — birinji orny Teýlor Şeridanyň “Ýer eýesi” (“Landman”) serialy eýeleýär. Serialyň wakalary Londondaky Harriganlar atly jenaýatçy maşgala we olaryň ýardamçysy Garri da Souza (keşbi Tom Hardi ýerine ýetirýär) bilen baglanyşykly. Olar polisiýa we beýleki jenaýat toparlary bilen çaknyşyp, güýji ele geçirmek ugrunda göreşýärler. Serialda Tom Hardiden başga-da, Pirs Brosnan, Helen Mirren, Paddi Konsidaýn, Joanna Froggatt, Lara Pulwer, Enson Bun, Mandip Dhillon, Žasmin Džobson, Jeff Bell, Deniel Betts, Liza Dwan we Emili Barber ýaly meşhur aktýorlar çykyş edýär. Ssenaristler we baş prodýuserler — Ronan Bennett we Jez Batteruort. Gaý Riçi hem prodýuserleriň biri bolup, ilkinji iki bölümi surata düşürdi. Tom Hardi hem prodýuserlik toparynyň agzasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir