BŞ-da Ford Bronco-nyň alyjylarynyň 30% töweregi - zenanlar. Zenanlaryň arasynda modeliň täsirini has-da artdyrmak üçin awtoulag öndürijisi Alice + Olivia moda brendi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bronco syýahatyndan ruhlanan printleri we ýamalary öz içine alýan Alice + Olivia + Bronco atly egin-eşik toplumy döredildi. Ford hem öz gezeginde iki sany kastom wnedorožnigini - Storm Floral-y we Denim Chevron-y hödürledi. Bronco Storm Floral modeli kuzowynyň gül nagyşly açyk reňkleri bilen tapawutlanýar. Içinde agaja meňzeş dolandyryş paneli bar, altyn reňkli tutawaçlar goýlan, ruly we geçirişiň selektory dekoratiw bölekler bilen bezelen. Salony ak deriden iki tonly oturgyç bilen enjamlaşdyrylandyr. Ikinji modeliň - goýy gyzyl reňkli Denim Chevron-yň oturgyçlarynyň ýüzüne gök jinsi mata çekdirilen. Bezegde düýe derisi ulanylýar. Ätiýaçlyk tekeriň daşlygyna dekoratiw stikerler ýerleşdirildi. "Bu wnedorožnik aýal-gyzlaryň diňe bir çölleri, alaňlary, dag ýollaryny we tokaý ýodalaryny boýun egdirmek bilen çäklenmän, eýsem gapylary açyk we üçegi aýrylan halda, erkinligi hem-de hezilligi duýup, kenarda Bronco-dan lezzet alyp biljekdigini görkezmek üçin döredildi" -diýip, Ford-uň dizaýny boýunça umumy döredijilik direktory Lori Madeý belledi.