Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi. Topar hereketi tutuş tehnologiýasynyň kömegi bilen döredilen we hakyky adamlar tarapyndan ses berlen bäş sanly awatardan ybarat. Geçen ýylyň iýul aýynda sosial ulgamlary ulanyjylaryň biri Plave-i kemsidiji teswirler, şol sanda gödek sözler bilen wideo paýlaşdy. Soňra ol akkaunty bozdy, ýöne topar ýitginiň öwezini dolmak barada raýat arzasyny berdi. Kazyýet hem şikaýatçylaryň tarapynda durdy. Çözgütde şeýle teswirleriň şekile däl-de, olaryň arkasynda duran adamlara gönükdirilendigi aýdylýar. “Häzirkizaman metaälemi döwründe awataryň diňe bir wirtual şekil däl-de, özüňi, öz şahsyýetiňi görkezmegiň, sosial aragatnaşygyň serişdesi bolandygy üçin, awatary garalamak hakyky ulanyjynyň mertebesine zyýan ýetirmek ýalydyr” – diýip, kazy Çan Ýu Jin belledi. Günäkär 100 müň wona (72 müň ABŞ dollaryndan gowrak) möçberde töleg tölemäge borçlandy. Çözgüt uly çekeleşik döretdi. Vlast-yň hukuk bölüminiň müdiri No Hen Bo ony Günorta Koreýada wirtual kontent pudagy üçin “özgeriş pursaty” diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir