24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar. Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler. Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir