19 ýaşly tennisçi ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgeni boldy

Amerikaly tennisçi Kori Gauff “Sportico” amerikan sport media kompaniýasynyň wersiýasyna görä, 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
19 ýaşly Gauff 22,7 mln dollar ýyllyk girdeji bilen sanawda ilkinji gezek birinji...

Dowamy »

273 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

“Barbi” we “Akwamen” iň gowy wizual effektler üçin “Oskar” ugrunda bäsleşer

Amerikan kinoakademiýasy “Iň gowy wizual effektler” kategoriýasynda “Oskar” baýragy ugrunda bäsleşjek 20 filmden ybarat gysga sanawy hödürledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Dalaşgärlerden üçüsi Marvel Studios-a (“Garynja adam we Ary: Kwantomaniýa”, “Galaktikanyň sakçylary. Bölüm 3”, “Kapitan Marwel 2”), ýene şonçasy Warner Bros.-a degiş...

Dowamy »

308 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ABŞ-da örän seýrek duş gelýän ak alligator dünýä indi

Gatorland tematiki seýilgähi üýtgeşik bir “eksponata” eýe boldy. Seýilgäh örän seýrek duş gelýän ak alligatory görkezdi. Ol adamyň hossarlygynda dünýä inen ilkinji alligator boldy. Bu kiçijik täsinlik indi dünýädäki beýleki ýedi indiwiduuma goşulmak bilen, saýlama toparynyň düzümine girdi diýip, ferra.ru habar berýär.
Gatorland seýilgähiniň...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Samsung 2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Galaxy S24 -iň AI mümkinçilikleri barada gürrüň berer

Samsung CES 2024-iň resmi açylyşynyň öňüsyrasynda, 8-nji ýanwarda ABŞ-da boljak bir çärä çakylyk çap etdi. Bildiriş «Hemmeler üçin AI» diýlip atlandyrylýar we bu çärede durmuşa ornaşdyrylan, esasanam, smartfonlaryň Galaxy S24 setirine girizilen emeli aň barada gürrüň ediler.
Samsung-yň özi smartfonlar barada hiç zat aýtmaýar, ýöne meşhur Ice...

Dowamy »

232 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Körler üçin gözüň we hasanyň ornuny tutjak akylly guşak döredildi

Gonkongda ýerleşýän hytaýly AI Guided startap kompaniýasy innowasion enjamy – GUIDi-i hödürledi.
Ol körlere kömek etmek üçin niýetlenendir. Täze önüm körleriň ulanýan adaty hasasyny çalyşmak üçin döredildi. Ol daş-töweregimizdäki dünýäni duýmagyň täze usulyny hödürleýär.
GUIDi goşa 8 megapiksel kamera we daş-töweregi seljermek üçin el...

Dowamy »

255 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar oňurga ýiliginiň şikeslenmesini bejermek üçin sütün öýjükli dermany döretdiler

Russiýada oňurga ýiliginiň şikeslenmesini bejermek üçin sütün öýjükleri esasynda derman öndürildi.
TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň FMBA-nyň Beýni we neýrotehnologiýa merkeziniň baş müdiri Wsewolod Belousow ýaş alymlaryň III kongresinde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, dermanyň kliniki synagla...

Dowamy »

248 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

APL oýunlaryny teleýaýlymlarda şöhlelendirmek boýunça Britaniýanyň taryhynda iň iri şertnamasyny baglaşdy

Angliýanyň futbol boýunça Premýer-ligasy (APL) teleýaýlymlarda şöhlelendirmek hukuklary boýunça Britaniýanyň taryhyndaky iň iri şertnamany baglaşdy diýip, ýaryşyň web sahypasynda habar berilýär.
«SkySports», «TNT Sports» we «BBC» bilen baglaşylan şertnama dört ýyla niýetlenendir we 2025/26-njy möwsümden güýje girýär. Liga bu döwürde hukuklar...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Sewilýa» stadionyny ýykyp, täzesini gurmagy meýilleşdirýär

Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby resmi web sahypasynda häzirki meýdançasy bolan «Ramon Sançes-Pishuanyň» ornunda gurulmagy meýilleşdirilýän täze stadionyň taslamasyny tanyşdyrdy.
Taslama duşenbe güni klubyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynda hödürlendi. Täze meýdança 1958-nji ýylda açylan köne stadion ýykylandan soň, öňdebaryjy tehnologiýalard...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Beýnä oturdylan implant intellekti dikeltmäge kömek etdi

Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan we beýni implantasiýa operasiýasyny geçiren hassalarda intellektual ukyplaryň üstünlikli dikeldilendigini habar berdiler.
Barlaglaryň dowamynda, 3 – 18 ýyl ozal orta we agyr derejeli kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan 22 – 60 ýaş aralygyndaky...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Wladimir Putin nobatdaky prezident saýlawlarynda dalaşgär bolar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze, bäşinji prezidentlik möhletine dalaş etjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Saýlawlary 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Putiniň döwlet baştutany hökmünde häzirki ygtyýarlyklary 2024-nji ýylyň 7-nji maýynda tamamlanýar. Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy ozal...

Dowamy »

247 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Özbegistan altyn satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy

Oktýabr aýynda Özbegistan dünýäniň iň iri altyn satyjylarynyň arasynda öňdeligi eýeledi diýip, Trend habar berýär.
Esasy satyn alyjy Hytaýyň Halk Banky (23 tonna), ondan soň Türkiýäniň Merkezi Banky (19 tonna) we Polşanyň Milli Banky (3 tonna) boldy.
Özbegistan gymmat bahaly metalyň iň iri satyjysy boldy - 11 tonna. Ondan soň 2 tonna...

Dowamy »

226 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

FIFA iň gowy futbolçylary sylaglamak dabarasyny 15-nji ýanwarda Londonda geçirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) boýunça ýylyň iň gowy oýunçylaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy 15-nji ýanwarda Londonda geçiriler diýlip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.
Dabarada iň gowy oýunçylar, tälimçiler hem-de erkekler we zenanlar futbol toparlarynyň simwolik ýygyndylary yglan edilen, ýylyň iň gowy goly «Puşkaşyň...

Dowamy »

283 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasyndaky ýokary derejedäki 1200-nji oýnuna gatnaşdy. Ýubileý oýny Saud Arabystanynyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Al-Riýad» toparyna garşy duşuşyk boldy.
«Al-Nasr» 4: 1 hasabynda ýeňiş gazandy, Ronaldu bu oýunda bir pökgi geçirip, bir ýardam...

Dowamy »

232 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Afrikanyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärler yglan edildi

«Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah, marokkoly Açraf Hakimi (PSŽ) we nigeriýaly Wiktor Osimhen (Napoli) geçen möwsümiň iň gowy afrikaly futbolçysy diýen ada dalaşgärlige hödürlendi diýip, Afrika futbol konfederasiýasynyň (CAF) resmi web sahypasynda habar berilýär.
«CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Maro...

Dowamy »

323 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Suarez Braziliýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy

«Gremio» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Luis Suares Braziliýanyň futbol boýunça çempionatynyň 2023-nji ýyldaky iň gowy oýunçy baýragyna mynasyp boldy.
36 ýaşly hüjümçi Braziliýanyň «Seriýa A» çempionatynyň iň üstünlikli oýunçysy boldy, ol 33 oýunda 17 pökgi geçirip, 11 ýardam pasyny berdi.
Möwsümiň ahyrynda «Gremio» 68 utuk toplap, Bra...

Dowamy »

265 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Honda ýangyç ulgamyndaky näsazlyk sebäpli million awtoulagyny yzyna çagyrar

«Honda Motor» awtoulag konserni ýangyç ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli içerki bazarda satylan 1 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrmak kararyna geldi.
2017-nji ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli satylan 25 dürli modele degişli jemi 1,13 million ulagyň yzyna çagyryljakdygy bellenilýär. Ýangyç nasosy bilen baglanyşykly näsa...

Dowamy »

237 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew Dohada geçirilen bäsleşikde bürünç medal gazandy

Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen «Gran Pri II» agyr atletika ýaryşynda türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew bürünç medal gazandy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär.
2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşlarda türkmen atleti 150 - 188 - 338 kilogram görkeziji bilen çykyş etdi....

Dowamy »

292 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Tim Kukdan günüňizi nädip başlamalydygy barada bir maslahat

Apple-iň baş direktory we milliarder Tim Kuk gününi nädip başlaýandygyny we bu endikleriň onuň özüni duýuşyna we üstünligine nähili täsir edýändigini paýlaşdy.
Kuk her gün irden e-poçtasyny barlaýar we müşderileriň hem-de işgärleriň hatlaryny okaýar. Bu hakykatdanam möhüm zatlara ünsi jemlemäge kömek edýär. Soňra sport zalynda bir sagatlyk t...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Google Chrome brauzerine emeli aň ulgamyny girizer

«Google» kompaniýasy «Chrome» brauzerine «Compose» funksiýasyny girizmegi meýilleşdirýär, bu ulgam emeli aň arkaly ulanyjynyň islegi boýunça tekst döredýär. 9to5mac portalynyň habar bermegine görä, «Chromium Gerrit» trekerindäki kod üýtgemeleri muny tassyklaýar.
«Compose» funksiýasy ulanyjylara dürli maksatly tekst kontentini, şol sanda sosi...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Yzky tekerleri hem öwrülmäge ukyply Mercedes-AMG CLE 53 kupesi tanyşdyryldy

«Mersedes-Benz» doly derejede dolandyrylýan şassisi bolan «Mersedes-AMG CLE 53» kupesini tanyşdyrdy. 4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýän awtoulagyň öňdäki tekerleri hem, yzky tekerleri hem öwrülmäge ukyplydyr.
Sagatda 100 km tizlikde öwrüm edilende, yzky tekerler öňdäki tekerleriň öwrümine ters tarapa iň köp 2,5 gradus sowulýar. Bu ul...

Dowamy »

250 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago