Amerikaly milliarder Jeff Bezos Amazon kompaniýasynyň 50 milliona çenli paýnamasyny satmakçy bolýar. Ol muny 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan öň eder diýip, Reuýters habarlar gullugyna salgylanýan “Коммерсантъ” ýazýar. Bu paýnamalaryň bazar bahasy 8,6 milliard dollara ýetýär. Häzir her kagyzynyň bahasy 171,8 dollar. Amazon-yň hasabatynda satmak meýilnamasynyň baryp 2023-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilendigi aýdylýar. Soňky bir ýylda Amazonyň paýnamalarynyň bahasy 80% -den gowrak ýokarlandy. Bezos 1994-nji ýylda Amazony kitap satyjysy hökmünde esaslandyrdy. 2021-nji ýylda ol baş direktorlyk wezipesinden boşap, direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy boldy. Bloomberg-iň berýän bahasyna görä, Bezos dünýädäki ikinji baý adamdyr (197 milliard dollar). Forbesiň maglumatyna görä, ol üçünji orunda durýar (193,8 milliard dollar).

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir