Brand Finance Global 500 ýyllyk reýtingine görä, Apple kompaniýasynyň brendi dünýäde iň gymmat brend boldy. Firma Microsoft, Google we Amazon korporasiýalarynyň brendlerinden öňe geçdi. Bu barada halkara Brand Finance konsalting guramasyna salgylanyp, TASS habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, Apple brendiniň bahasy 2023-nji ýylda 74% ýokarlanyp, 517 mlrd dollara ýetdi. Microsoft korporasiýasy sanawda ikinji orny eýeledi, onuň brendiniň bahasy 340 mlrd dollar boldy (78% ösüş). Üçünji orunda Google kompaniýasy ýerleşdi, onuň brendi 333 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Tesla kompaniýasy onlukdan çykyp, göni 18-nji orna düşdi. Dünýäde bahasy boýunça iň çalt ösýän brend NVIDIA çip öndürijisi boldy (ýyldan ýylda +163%). Brand Finance brendlere baha bermek bilen meşgullanýan halkara konsalting kompaniýasydyr.