5-nji fewralda BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi. 5-nji fewralda wekiliýet agzalarynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenildi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada bellenildi. Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi babatda pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir