«Google» kompaniýasy özüniň gözleg ulgamynyň iň köne aýratynlyklaryndan birinden – saýtlaryň «Google-iň» keşinde saklanýan nusgalaryny görkezmek aýratynlygyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. Muny «Google» kompaniýasynyň gözleg hyzmaty boýunça hünärmeni Denni Salliwan «X» sosial ulgamyndaky (öňki «Twitter») öz blogunda tassyklady. Hünärmen «Google» gözleg ulgamynyň geljekde sahypalaryň «Internet Archive» hyzmatynyň çeşmelerinde saklanýan arhiwlenen nusgalarynyň salgylaryny berip başlajakdygyny çaklady. «Google-iň» keşindäki sahypanyň nusgasyny görkezmek funksiýasy käbir ulanyjylarda eýýäm 2023-nji ýylyň dekabrynda ýitdi. Şeýle hem ol öçürilen ýa-da üýtgedilen materiallara girmäge mümkinçilik berýärdi. Sahypalaryň köne nusgalaryna keş görnüşli salgy «Google» gözleg sahypasyndaky her netijäniň gapdalyndaky menýuda ýerleşýärdi. Ulgamyň gözleg robotynyň, sözüň doly manysynda, ähli çeşmeleriň nusgalaryny saklaýandygy sebäpli, «Google-da» tutuş internetiň arhiwi bar, bu maglumatlaryň ululygy birnäçe petabaýta deň (1 petabaýt – 1 müň terabaýt) hasaplanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir